Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondy “Putiniň Köşgi” barada derňew çykardy

"Putiniň Köşgi" diýlip bilinýan ymarat

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondy Gara deňziň kenarynda rus prezidenti Wladimir Putin üçin salynandygy aýdylýan ymarat barada täze derňew çykardy.

19-njy ýanwarda çap edilen derňewden bir gün öň, oppozisiýa lideri we Kremliň ýiti tankytçysy Nawalna, Germaniýadan Russiýa dolanmagynyň yzysüre, sud diňlenişigine çenli 30 gün tussaglykda saklamak barada höküm çykarylypdy.

Derňewçiler Gara deňziň kenaryndaky Gelenjik burnunda salnan ymaraty “Putiniň Köşgi” atlandyryp, oňa azyndan 100 milliard rubl ($1,35 milliard) harçlanandygyny belleýärler.

Derňewde toplumyň çäginde kilisäniň, 2 müň 500 m2 ýyladyşhananyň, amfiteatryň, birnäçe ýaşaýyş desgalarynyň we gury ýere uzaýan “ýörite tunneliň” dagy hem bardygy nygtalýar.

17 müň 691 m2 meýdany tutýan köşgüň öz içinde öý kinoteatryň, baryň, kalýan çekilýän baryň, kazinonyň we basseýniň hem gurlandygy aýdylýar.

Derňewçiler “Putiniň köşgi” diýlip bilinýän bu ymaratyň içini görkezýän suratlary hem çap etdiler.

Putin bu ymarat bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdyp gelýär.

“Bu Russiýanyň iň goralýan ýeri. Aslynda, bu döwlet içindäki bir döwlet. Bu Putiniň iň uly syry. Ony näbelli goragçylardan, bagbanlardan we Russiýanyň iň baý we meşhur adamlarynyň gurluşykçylaryndan ybarat ýüzlerçe, hat-da müňlerçe adam goraýar” diýip, Nawalny YouTube kanalynda çap edilen tas 2 sagatlyk derňewini başlaýar.