Pakistan žurnalistlere garşy “ýigrenç kampaniýalaryny” bes etmäge çagyrylýar

Pakistanyň premýer-ministri Imran Han (S) "Talybanyň" egindeş döredijisi Molla Abdul Ghani Baradar (çepden 5-nji) we onuň delegasiýasy bilen duşuşýar. Yslamabat, 18-nji dekabr, 2020

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) Pakistanyň hökümetini iki iňlis neşirine garşy alnyp barylýan “ýigrenç we töhmet kampaniýasyndan” ýüz öwürmäge we ol neşirleriň žurnalistlerine haýbat atan adamlary jogapkärçilige çekmäge çagyrýar.

Soňky iki hepdäniň dowamynda müňlerçe internet ulanyjy BBC-niň we “The Independent” gazetiniň urdu dilindäki neşirlerini boýkot etmäge çagyrdy we olaryň žurnalistlerine haýbat atdy diýip, dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän guramanyň 14-nji ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylýar.

"Ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň buýrugy bilen işleýän trolllar tarapyndan gurnalan onlaýn ýigrenç kampaniýalary diňe bir metbugat azatlygyna howp salman, ölüm haýbatlary atylýan žurnalistler üçinem howply" diýip, guramanyň Aziýa-Ýuwaş okean sebitiniň başlygy Daniel Bastard aýtdy.

"Häkimiýetleri tankytlaýan adamlary gorkuzmak we dymdyrmak maksady bilen žurnalistleriň öldürilmegine çagyryş etmek düýbünden kabul ederliksizdir” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Pakistan RSF-iň 2020-nji ýyldaky Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 145-nji ýerde durýar.

Pakistandaky we daşary ýurtlardaky metbugat gözegçileri Pakistanyň habar beriş serişdeleriniň, žurnalistleriň yzarlanmagynyň, gorkuzylmagynyň 2018-nji ýylda, harbylaryň gatnaşmagynda galplaşdyrylan diýlen saýlawdan soň häkimiýet başyna gelen premýer-ministriň hökümeti işe başlaly bäri has güýçlendirilendigini aýdýarlar. Imran Han bu aýyplamalary ret etdi.