Farapda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kadaly ýola goýulmaýar, ýyladyş ulgamlarynda bar bolan problemalar dowam edýär. Ýerli häkimiýetler dilden görkezme esasynda, býujet işgärlerinden 200 manatdan pul ýygnap, bu nogsanlyklary olaryň hasabyna düzetmäge synanyşýar. Bularyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji ýanwarda habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, 27-nji dekabrdan bäri Farapda her gün tok kesilýär. Etrap merkezinde we obalarda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi irden sagat 10-dan öýlän sagat 4-e çenli kesilýär. Ýerli resmiler elektrik energiýasynyň “abatlaýyş işleri üçin” kesilýändigini aýdýarlar.
Habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan birnäçe ýerli hünärmen etrabyň çäginde ýerleşýän transformatorlara agram düşýändigini aýdýarlar. Ýerli ýaşaýjylar kadasyz elektrik üpjünçiligi bilen bir hatarda etrapda gaz basyşynyň hem pesdigini aýdýarlar. Olar jaýlaryny ýylatmak üçin elektrik bilen işleýän ýyladyş enjamlaryndan, tok peçlerden peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.
Degişli maglumat Ýurt boýunça elektrik üpjünçiliginde bökdençlik dörän gijesi howpsuzlyk güýçleri hüşgärligi artdyrdyTürkmenistanyň oba we şäher ýerlerinde ýyladyş maksatlary üçin tebigy gazdan peýdalanylýar.
Elektrik energiýasy boýunça hünärmen habarçy bilen gürrüňdeşlikde ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan elektrikli ýyladyş enjamlarynyň azyndan 220 wolt elektrik toguny talap edýändigini aýdýar.
“Ýöne Farabyň tas ähli ýerlerinde diýen ýaly öýlere 170 wolt elektrik togy berilýär” diýip, bir faraply Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Tok ýetmezçiligi raýatlary elektrik energiýasynyň kuwwatyny güýçlendiriji enjamlardan peýdalanmaga iterýär. “Adamlar toguň kuwwatyny güýçlendirýän ýasama enjamlary ulanmaly bolýarlar. Häzir bir hojalyk üçin niýetlenen tok köpeldiji ýasama enjamyň bahasy 4 müň manat. Bu enjam tas ähli hojalyklarda bar” diýip, bir Farabyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Ýöne soňky 10 günden gowrak wagt bäri, etrapda elektrik üpjünçiliginiň günüň dowamynda yzygiderli kesilmegi ýerli ýaşaýjylary kyn güne goýýar.
Habarçynyň sözlerine görä, ýerli resmiler elektrik we ýyladyş ulgamlaryndaky nogsanlyklary býujet işgärleriniň hasabyna düzetmäge çalyşýar.
“Resmiler bu näsazlyklary her bir býujet işgärinden 200 manatdan pul ýygnap düzetmegi planlaşdyrýarlar” diýip, bir býujet işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
“7-nji ýanwarda býujete degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, müdirler garamagyndaky her bir işgärden 200 manatdan pul ýygnady” diýip, faraply raýat maglumatynyň üstüni ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, pul ýygnalan edara-kärhanalaryň hatarynda mekdepler, çagalar baglary, keselhanalar, dermanhanalar bar. “Häkimligiň işgärlerinden hem ýygnadylar. Ähli edaralar pul berdi” diýip, faraply ýaşaýjy aýtdy we ýygnalan puluň hökmany talap edilendigini, onuň elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bar bolan problemalara gönükdiriljekdiginiň aýdylandygyny sözüne goşdy.
Beýleki bir býujet işgäri edara-kärhanalardan ýygnalan pullaryň ýyladyş we tok üpjünçiliginde bar bolan problemalara gönükdiriljekdiginiň aýdylandygyny tassyklady, ýöne ol ýygnalan pullaryň belli bir böleginiň ýolbaşçylaryň öz aralarynda paýlaşyljakdygy çaklady.
Degişli maglumat Aşgabatda üç sagatlap elektrik togy kesildi. Ýyladyşdaky we suw üpjünçilgindäki bökdençlikler saklanýar“Bu pullaryň bir böleginiň Farabyň köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky we mekdeplerdäki ýyladyş gazanlaryny çalyşmaga, olary bejermäge, transformatorlary abatlamaga sarp ediljekdigi aýdylýar. Ýöne galan bölegini ýolbaşçylar, hemişe bolşy ýaly, öz aralarynda paýlaşarlar” diýip, faraply ýaşaýjy çaklady.
Habarçy etrabyň çäginde ýerleşýän howly jaýlarda ýyladyşyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp başga-da birnäçe faraply bilen gürrüňdeş boldy.
Olaryň sözlerine görä, howly jaýlarda ýaşaýan hojalyklar, iň bolmanda, odun ýakyp, ýylanmaga çalyşýar.
“Köp etažly jaýlarda umumy ýyladyş sistema – olarda hemişe problema bar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalar her ýyl ýüze çykýar. Ençeme oba ýerlerinde sowet ýyllarynda oturdylan transformatorlardan peýdalanylýar.
Galyberse-de, Türkmenistanda ilatyň elektrik energiýasy, gaz we suw bilen mugt üpjün edilmegi 2017-nji ýylda ýatyryldy. Ondan ozal, garaşsyzlyk ýyllarynda ilat bu serişdeler bilen mugt üpjün edilýärdi.
Maglumat üçin aýdylsa, Täze ýylyň öňýany 30-njy dekabra geçilen gije Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça elektrik togy kesildi. Munuň mümkin bolan sebäpleri barada resmi media ilata habar bermeýär. Ýöne prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde dörän bökdençlik üçin birnäçe ýokary derejeli resmini “berk käýinç” bilen jezalandyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.