Türkmenistan we COVID-19: ýokanç töwekgelçiligi barada duýduryş we gonamçylyklaryň dolmagy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň paýtagtynyň eteginde we ýurduň beýleki ýerlerinde gonamçylyklar dolupdyr we häkimiýetler jaýlamak üçin täze ýerleri guraýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçylary günde ýas çäreleriniň ençemesiniň geçirilýändigini we merhumlaryň jaýlanýandygyny aýdýarlar. Lukmanlar bolsa, koronawirus kesliniň ýokmagynyň töwekgelçiligi sebäpli örän zerur bolmasa, ilatyň saglygy saklaýyş edaralaryna barmakdan saklanmagy maslahat berýärler. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetlere göre, koronawirus ýurtda henizem “ýok”.