“ABŞ-da demokratiýa edilen hüjüm”: Dünýä liderleri ABŞ-nyň Kapitol binasynda bolan zorluga reaksiýa bildirýär

Kanun çykaryjylar soňky prezident saýlawynyň netijelerini tassyklaýan mahaly, ABŞ prezidenti Donald Tramp tarapyndan öjükdirilen pitneçiler ABŞ-nyň Kapitol binasyna girdiler.

Ýowuz pitneçiler ABŞ-nyň Kongres binasyna, amerikan demokratiýasynyň galasyna zor bilen girip, prezident saýlawynyň iň soňky tapgyrynyň berjaý edilmegine päsgelçilik döredenden soň, ýer şarynyň çar künjeginde soňky wakalara haýran galan resmiler öz reaksiýalaryny beýan etdiler. Olaryň käbiri çuňňur alada we ýigrenç duýgularyny beýan eden bolsa, käbiri görnetin kanagatlylyk duýgularyny mälim etdiler.

ABŞ-nyň häzirki zaman taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik wakada prezident Donald Trampyň goldawçylaryndan ybarat jemende 6-njy ýanwar güni, Kongres inagurasiýasyna iki hepde galan saýlanan prezident Jo Baýdeniň saýlaw ýeňşini tassyklaýan mahaly, Kapitolyň daşyndaky polisiýa germewini böwsüp, başly-baratlyga we kanun çykaryjylaryň binadan ewakuasiýa edilmegine sebäp boldular. Kanun çykaryjylar soňra täzeden ýygnanyşyp, 3-nji noýabr saýlawynyň netijelerini tassyk etdiler.

Şondan soňra, Tramp 7-nji ýanwarda beren beýanatynda “tertip-düzgünli” geçişiň boljakdygyny aýdyp, Baýdeniň 46-njy prezident hökmünde kasam kabul etjekdigini ilkinji gezek ykrar etdi.

Üýşmeleňiň milli mejlise kürsäp girmegi, polisiýa bilen çaknyşmagy, olaryň binanyň dälizinde arkaýyn entemegi ýaly bulagaýçylyk wakalary syýasy tolgunyşyklary başdan geçirýän ýurtlardaky millionlarça adam üçin tanyş göründi.

Tramp goldawçylary ABŞ-nyň Kongres binasynda. 6-njy ýanwar, 2021 ý.

Pitneçi üýşmeleň Kapitol binasynyň germewli gapysyny böwsenden soň bolan atyşyk bir aýalyň janyny aldy. Zorluk syýasatçylary gizlenmäge mejbur etdi.

Polisiýa bidüzgünçilik wagtynda ýüze çykan “adatdan daşary saglyk ýagdaýlary” sebäpli ýene üç adamyň ölendigini, galmagala gatnaşan 52 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Günbatar resmileri şeýle wakanyň ABŞ-nyň paýtagtynda ýüze çykyp bilýändigine gahar-gazap we aljyraňňylyk beýan etdiler. Germaniýanyň daşary işleri ministri zorlugyň we başly-baratlygyň tutuş dünýäde “demokratiýa duşmanlaryny” begendirýändigini aýtdy.

“ABŞ Kongresinde masgaraçylyk sahnalary” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Twitterde ýazgy galdyrdy. “Birleşen Ştatlary dünýäde demokratiýa tarapdarlyk edýär. Indi häkimiýetiň parahatçylykly we tertip-düzgünli geçirilmegi möhümdir” diýip, ol aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň dolandyryşy astynda adam hukuklary, demokratiýa we kanunyň rüstemligi babatynda ABŞ-nyň bildirýän tankydy belliklerine gaharlanýan Russiýada diplomatlar ýagdaýa başgaça çemeleşdi.

Russiýanyň Daşary işleri ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Feýsbukda bir amerikan žurnalistiniň ýazanlaryny paýlaşdy: “Birleşen Ştatlary biziň demokratiýanyň nusgasydygymyzy mundan beýläk asla dünýä aýdyp bilmez”

Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky (BMG) ilçisiniň birinji orunbasary Dmitriý Polýanskiý bolup geçen wakalary “Maýdan ýaly” atlandyrdy. Ol bu aňlatma bilen Ukrainada Moskwa tarapdar prezident Wiktor Ýanukowiçi 2014-nji ýylda wezipeden çetleden aýaklanma salgylandy. Prezident Putin şonda Kiýewiň Garaşsyzlyk skwerinde birnäçe aý köpçülikleýin häsiýetde we köplenç parahatçylykly bolup geçen protestleriň ABŞ-nyň goldawy bilen amala aşyrylan agdarylyşyk bolandygyny ýalan aýtdy. “Maýdan ýaly” aňlatmasy rus resmileriniň arasynda gaty negatiw many berýär.

Tramp tarapdarlary ABŞ-nyň Kapitol binasynda.

Polýanskiniň kommentariýasyny Russiýanyň Daşary işleri ministrliginiň Twitter hasaby retwitledi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý zorlugy ýazgardy, ýöne ABŞ institutlarynyň çydamlylygyna özüniň haýran galýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň daşary işleri ministri Dmytro Kuleba Twitterde günbatar resmilerine duýgudaşlyk bildirdi. Ol Waşingtonda kanunyň rüstemliginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň gaýtadan ýola goýulmalydygyny aýtdy.

“Bu diňe bir ABŞ üçin däl, eýsem, Ukraina üçin we ähli demokratik ýurtlar üçin wajypdyr” diýip, ol aýtdy.

Ukraina Günbatar guramalaryna goşulmak üçin zerur bolan çetin syýasy we ykdysady reformalary durmuşa geçirýän wagty, Birleşen Ştatlary Ukrainanyň möhüm goldawçysy boldy. Russiýa Ukrainanyň bitirýän işleriniň ähmiýetini pese gaçyrmaga synanyşdy.

Hatda Sloweniýanyň, Trampy goldaýan we heniz Baýdeni gazanan ýeňşi bilen gutlamadyk sagçy premýer-ministri Janez Jansa Twitterde: “Waşingtonda bolup geçýän zorlukdan hemmeler ynjalyksyz bolmaly” diýdi.

“Biz amerikan demokratiýasynyň çydamlydygyna, onuň kökleriniň çuňdugyna we bu krizisiň hötdesinden gelip biljekdigine umyt bildirýäris. Demokratiýa parahatçylykly protesti öz içine alýar, ýöne zorluk we ölüm haýbatlary --isle Çepden, isle-de Sagdan - elmydama ýalňyşdyr" diýip, ol aýtdy.

Tramp tarapdary ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosiniň iş otagynda.

Has ozal, günüň dowamynda Tramp öz goldawçylaryny 3-nji noýabr prezident saýlawynyň netijelerine protest bildirmek üçin Waşingtonda ýöriş geçirmäge çagyrdy. Ol saýlawlarda gerimli galplygyň bolmandygy barada bar bolan agramly subutnamalara we onuň saýlaw netijelerini yza dolamak üçin eden onlarça synanyşygynyň kazyýetler tarapyndan ret edilendigine garamazdan, prezident saýlawlarynyň galplaşdyrylandygyny öňe sürmäge dowam etdi.

Zorluk Kongres mejlisini säginmäge mejbur etdi. Mejlisde kanun çykaryjylar Saýlaw kollegiýasynyň Baýdene ýeňiş getiren seslerini sanaýardylar. Şeýle ýygnak, adatça, diňe formal kadadyr, ýöne Trampyň ýeňlişi kabul etmekden ýüz öwürmegi bilen, hem-de birnäçe respublikan kanun çykaryjynyň netijeleriň öňüne geçmek tagallalary bilen, ähmiýetli çärä öwrüldi.

Ençeme daşary ýurt döwlet baştutanlary Trampy we Kapitol binasyna kürsäp giren pitneçileri häkimiýetiň parahatçylykly geçirilmegine çagyryş etdi.

Kapitol binasynda protestçiler Wekiller öýüne girmäge synanyşýan wagty, polisiýa olara ýarag çeneýär. 6-njy ýanwar, 2021-ý.

Germaniýanyň daşary işleri ministri Tramp goldawçylaryna “demokratik gymmatlyklary depelemegi bes ediň” diýip, çagyryş etdi.

“Demokratiýanyň duşmanlary Waşingtondaky bu adatdan daşary sahnalary görüp, lezzet alarlar” diýip, ol sözüne goşdy.

Awtoritar dolandyryş sebäpli, gaýta-gaýta ABŞ tankydyna uçran Türkiýe hem bolan wakalary teswirlemäge howlukdy.

“Biz ABŞ-daky wakalary alada bilen synlaýarys we taraplary asudalyga çagyrýarys. Biz problemalary elmydama kanunyň we demokratiýanyň çäginde çözmegiň mümkindigine ynanýarys” diýip, türk parlamentiniň başlygy Mustafa Şentop Twitterde ýazdy.

Tramp tarapdarlary Kapitol binasynyň daşynda kanun goraýjy ofiserler bilen ýakalaşýar. 6-njy ýanwar, 2021 ý. Waşington.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy “ABŞ-da demokratiýa edilen hüjüm” atlandyran wakalaryny ýazgardy.

“Bu agşam amerikan demokratiýasy dünýäniň gözüne gabaw astynda ýaly bolup görünýär” diýip, Josep Borrell twit ýazdy.

“Bu Amerika däl. 3-nji noýabr saýlaw netijelerine doly hormat goýmaly” diýip, ol sözüne goşdy.

Tramp bidüzgünçilikleriň başlamagyndan ep-esli wagt soň parahatçylyk üçin saklanmak çagyryşyny etdi, ýöne ilkibada öz goldawçylaryndan derhal dargamagy talap etmedi.

Ol soňra olardan öýlerine gitmegi talap etdi, ýöne şol bir wagtyň özünde olary “örän üýtgeşik adamlar” atlandyrdy we özüniň saýlawda ýeňiş gazanandygy barada aýdýan ýalan öňe sürmelerini ýene gaýtalady.

Premýer-ministr Jastin Trudo (Justin Trudeau) ABŞ-nyň goňşusy we ýakyn ýarany Kanadanyň Waşingtondaky wakalara “çuňňur gynanç we alada bildirýändigini” aýtdy.

“Zorluk hiç haçan halkyň erk-isleginiň öňüne geçip bilmez. ABŞ-da demokratiýa götergilenmelidir we ol götergilener” diýip, Trudo twit ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.