Ýylyň başy: COVID-19 testleri, karantin, ölüm we tölenmeýän iş rugsady

Illýustrasiýa suraty

Türkmen lukmanlary Türkmenistanyň "güýçli koronawirus tolkunyny" başdan geçirýändigini aýdýarlar. Keselhanalarda hassalaryň sany öň görlüp-eşidilmedik derejede artýar, geçirilýän synaglar hassalaryň köpüsinde COVID-19-yň bardygyny tassyklaýar, öýkenine zeper ýetýän hassalaryň we ýogalýanlaryň sany köpelýär. Ýurt ýolbaşçylary bu ýagdaýy görmezlige salýar we koronawirusy resmi taýdan ykrar etmeýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, paýtagtyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky keselhanasynda gastroenterologiýa bölüminde koronawirusly näsaglar üçin bölüm açylypdyr. Bu hassahanada ýatan hassalar ähli dermanlary, arassaçylyk serişdelerini we beýleki zerurlyklary öz ýany bilen alyp barmaly.

Şuňa meňzeş şertler "Polimeksiň" öňki binasynda ýerleşýän uly koronawirus karantininde hem saklanýar. Paýtagtda koronawirusly näsaglaryň ýerleşdirilýän başga bir klinikasynda, Perinatal Merkezindäki şertler bolsa has ganymat hasaplanylýar. Bu ýerde dermanlar mugt berilýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda ilata dümewe garşy sanjym edilýär we hassa işgärler işden kowulýar

Öýkeniň 70%-den gowragyna täsir ýeten bolsa, hassalar reanimasiýa iberilýär. 10 hadysanyň ortaça 8-sinde koronawirus tassyklanýar. Ölýänler köp we esasan 30-40 ýaş aralygyndaky adamlar. Näsaglaryň arasynda saglyk işgärleri hem bar. Bu maglumatlary 4-nji dekabrda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary gizlinlik şertlerinde gepleşen lukmanlara we saglygy saklaýyş edaralaryň wekillerine salgylanyp, habar berdiler. Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň wekilleri bolup geçýän wakalar barada resmi taýdan düşündiriş bermeýärler.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary, COVID-19 alamatlary bilen geçýän keseliň ýurtda geçen ýazdan bäri güýçli ýaýraýandygyna garamazdan, Türkmenistanda koronawirus keseliniň hasaba alynmandygyny öňe sürmegini dowam etdirýärler.

Azatlyk bilen anonim şertlerde gürleşen lukmanlar koronawirus üçin synaglaryň geçirilýändigini, ýöne netijeleriň galplaşdyrylýandygyny öňe sürýärler. Testleriň köpüsi COVID-19-yň bardygyny görkezýär, ýöne hassahanalarda koronawirus hakda gürlemek gadagan edilýär. Näsaglaryň ýogalan ýagdaýynda ölümiň sebäbi hökmünde garrylarda ýürekdäki kemçilikler, ýaşlarda pnewmoniýa görkezilýär.

Şu günler keselleýän adamlarda iň köp duş gelýän alamatlar agyr üsgülewük, bokurdakdaky agyry, ýokary gyzgyn, dem alanda döşdäki agyry, ýuwutmakdaky kynçylyk, ysgynsyzlyk we ýöremekde agyrlyk.

Şu wagt ýurduň gündogaryndaky habarçylarymyz Türkmenabatdaky keselhanalaryň COVID-19 hassalaryny kabul etmegini dowam etdirýändiklerini habar berdiler. Koronawirus diagnozy goýlan hassalar Şäher hassahanasyna ýerleşdirilýär.

Degişli maglumat COVID-19: Karantinde işleýän medisina işgärleri öz hasabyna goşmaça çykdajy etmeli bolýar

Hassahanalardaky lukmanlardan başga, maşgala lukmanlary hem gyssagly tertipde işleýärler. Lebap welaýatynda maşgala lukmanlarynyň iş güni uzaldyldy. Lukmanlara her gün irden sagat 8-den agşam 8-e çenli özlerine degişli jaýlara aýlanmak, adamlaryň temperaturasyny ölçemek we saglyk ýagdaýyny hasaba almak tabşyrylýar.

Bu aralykda, Azatlygyň çeşmelerine görä, pandemiýa ýagdaýynda yzygiderli howa gatnawynyň ýatyrylmagy sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň ýakyn wagtda Türkmenistana getirilmegine garaşylmaýar. Şol bir wagtyň özünde-de, Samandepedäki gaz ýatagynda işleýän hytaý hünärmenleriniň 10-njy ýanwardan soň Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Farap etrabynda ýerleşýän kärhanalar türkmen gazyny Hytaýa eksport etmek işine gatnaşýarlar.

Degişli maglumat Türkmenistanda ilata dümewe garşy sanjym edilýär we hassa işgärler işden kowulýar

Özüni "koronawirusdan azat" diýip yglan edýän ýurduň häkimiýetleri dürli karantin çäklendirmelerini girizmegi dowam etdirýärler. Hususan-da, döwlet kärhanalarynda işleýänleriň sany gitdigiçe azaldylýar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, 28-nji dekabrdan 10-njy ýanwar aralygynda Türkmenabatdaky pagta egriji fabrigiň işgärleri tölenmedik rugsada iberilipdir. Kärhanada 2000 töweregi adam işleýär.

Koronawirusyň ýekeje hadysasyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistan täze ýyly berk çäklendirmeler bilen belledi we Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, dynç alyş günlerinde azyndan onlarça adam karantin düzgünlerini bozmakda aýyplanyp tussag edilipdir.

Täze ýyl baýramçylygyna tutuş ýurtda elektrik togunyň uzak wagtlap öçmegi kölege saldy. 29-njy dekabryň agşamy tutuş ýurt boýunça elektrik togunyň öçmeginiň netijesinde köp ýaşaýjylar baýramçylyk günlerinde ýylylyksyz we suwsuz galdylar.

Aşgabatly lukmanlaryň habar bermegine görä, 30-njy dekabra geçýän gije paýtagtyň keselhanalarynda elektrik togunyň öçen wagtynda hassalaryň ençemesi ýogalypdyr. Hususan-da, Nyýazow adyndaky keselhanasynda öýkeni emeli ýagdaýda işledýän IWL apparatlaryna çatylan koronawirusly iki näsag ätiýaçlyk elektrik çeşmesi - generatorlar işledilýänçä ardan çykypdyr. Bu barada 4-nji ýanwarda Azatlygyň habarçylary paýtagtyň saglyk edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp habar berdiler. Bu maglumaty Türkmenistanyň saglygy saklaýyş wekillerine resmi görnüşde tassykladyp bolmady.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 5-nji ýanwara çenli Lebap welaýatynyň käbir ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş sistemasy we elektrik üpjünçiligi henizem dikeldilmändir. Welaýatyň häkimiýetleri elektrik togunyň kesilmeginiň sebäbi we döreden netijeleri barada düşündiriş bermeýärler.

Degişli maglumat Mekdep okuwçylary adatdakysyndan has köp dynç alarlar, studentler dynç alyşda öýlerine gitmezler

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.