30-njy dekabra geçilen gije ýurt boýunça elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençligiň arasynda, Täze ýylyň öňýany, Maryda howpsuzlyk wagtlaýyn güýçlendirildi. Kanun goraýjy düzümler hüşgärligi artdyrdy. Iri magistrallaryň ugrundaky postlara birnäçe hukuk goraýjy işgär, şol sanda elleri ýaragly esgerler ýerleşdirildi. Ýaragly esgerlere degişli hüşgärlik elektrik üpjünçiligi ýola goýlandan soň, ertesi güni ýatyryldy. Olar irden sagat 6 töwereklerinde yzlaryna, öz harby bölümlerine ugradyldy. Bularyň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Mary welaýatynda 29-njy dekabrda agşam sagat 9 töwereklerinde tok öçdi. 30-njy dekabr güni daňdan sagat 3-de elektrik üpjünçiligi gaýtadan ýola goýuldy. Azatlygyň beýleki habarçylary tok üpjünçiligindäki bökdençligiň şol gije ýurduň beýleki regionlarynda-da, şol sanda Lebapda, Daşoguzda, paýtagt Aşgabatda we onuň töwereklerinde-de ýüze çykandygyny habar berdiler.
Degişli maglumat Aşgabatda üç sagatlap elektrik togy kesildi. Ýyladyşdaky we suw üpjünçilgindäki bökdençlikler saklanýarHabarçynyň maglumatlaryna görä, 29-njy dekabrda tok öçenden bir sagat töweregi soň, agşam sagat 10:30-da Mary-Baýramaly awtoýolunyň ugrunda polisiýa hüşgärligi artdyrdy. Polisiýanyň esasy gözegçilik nokadyna howpsuzlyk güýçlerinden, ýangyn söndürji gullugyň işgärlerinden we polisiýa işgärlerinden düzülen 10-12 kanun goraýjy işgär, şeýle-de elleri ýaragly dört esger çykaryldy. Harby lybasdaky adamlar sürüjileri saklap, ulaglardaky ýolagçylary barlady. “Nirä barýarsyň, nireden gelýärsiň diýip, sorag etdiler. Adamlara göni öýlerine barmak tabşyryldy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Habarçynyň kanun goraýjy edaralardaky bir çeşmesi şeýle hüşgärlik çäreleriniň şol gije Aşgabat-Mary araçägindäki polisiýa gözegçilik nokadynda-da ýola goýlandygyny habar berdi.
Howpsuzlyk Mary we Baýramaly şäherleriniň içinde-de güýçlendirildi.
“[Şol gije] hukuk goraýjy edaralarda işleýän ähli adamlara telefon edilip, hemmelere öz edaralaryna çalt gelmek tabşyryldy. Edara baranymyzda doly maglumat bermän ‘bir zat bolaýmasyn, ýollary, köp gatly jaýlaryň girelgelerini güýçli gözegçilik astyna almaly; adamlary öýlerinden çykarmaň, ýolda adam görseňiz nirä barýandygyny soraň; gaty häzir boluň!’ diýip, ýolbaşçylar aýtdylar” diýip, Azatlygyň kanun goraýjy edaralardaky çeşmesi anonim şertde gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Milli howpsuzlyk işgärleri, polisiýa işgärleri, Ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri, 1001 harby bölüminiň esgerleri we harbylar köçelere, ýangyç guýujy beketlere, banklara we beýleki desgalara gözegçilik etdi. “Ýolbaşçylar gaty gorkdular” diýip, ol sözüne goşdy.
“Şol gije adam görsek, öýlerine kowduk” diýip, kanun goraýjy işgär anonim şertde gürrüň berdi we ertesi elektrik üpjünçiligi ýola goýlandan soň hem güýçlendirilen gözegçiligiň dowam edendigini aýtdy. Ol 30-njy dekabrda agşam sagat 8-e çenli adamlara daşary çykmagyň gadagan edilendigini aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabat Täze ýyly VPN hyzmatlaryny 'gysyp', düzgün bozanlary 'tutup' garşylady“Ertesi tok gelenden soň, irden sagat 9:20-de edarada ýygnak geçirildi we ýygnakda ýolbaşçylar güýçlendirilen gözegçilige dowam edilmelidigini” aýtdylar diýip, kanun goraýjy işgär 31-nji dekabrda-da berk gözegçiligiň talap edilendigini, özlerine 4-nji 5-nji ýanwar günleri dynç almaga rugsat berlendigini gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, 30-njy dekabra geçilen gije elektrik üpjünçiliginde bökdençligiň döremegine Mary GRES-de ýerleşýän iri elektrik stansiýasynyň bir blogynyň hatardan çykmagy sebäp bolupdyr. “Şol sebäpden tok öçüpdir. Bir blok ýananda adam ýitgileriniň hem bolandygy barada habarlar bar, ýöne anyk san aýdylmaýar” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Habarçynyň çeşmelerden alan maglumatlaryna görä, kanun goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary elektrik stansiýasynda dörän näsazlygyň bilkastlaýyn edilen bolmak ähtimallygy barada şübhe bildirýär. “Şol sebäpden biz sizi öýüňizden iş ýeriňize çagyrdyk diýip, ýolbaşçylar aýtdylar” diýip, kanun goraýjy çeşme gürrüň berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, tok öçen gijesi ýollara çykarylan elleri ýaragly esgerler 30-njy dekabrda irden sagat 6:00-da öz harby bölümlerine ugradyldy. “Beýleki harby bölümlere-de gerek ýerinde taýýar bolmak tabşyryldy” diýip, çeşme aýtdy.
Degişli maglumat Berdimuhamedow ýurtda elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlik üçin resmilere berk käýinç yglan etdiHas ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy dekabrda agşam sagat 9 töwereklerinde paýtagt Aşgabatda elektrik üpjünçiliginiň doly kesilendigini, ýurduň beýleki regionlarynda, şol sanda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda-da şol gije elektrik togunyň kesilendigini habar berdiler.
Munuň yzýany, 30-njy dekabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň dürli künjeklerinde elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlik üçin wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewe, energetika ministri Çarymyrat Pürçekowa hem-de energetika ministriniň orunbasary Batyr Hudaýberdiýewe “berk käýinç” yglan etdi.
Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurt boýunça elektrik üpjünçiliginiň wagtlaýyn kesilmegi we munuň yzýany howpsuzlygyň güýçlendirilmegi barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri habar bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.