Owganystan TOPH taslamasynyň amaly işiniň indiki ýyldan başlanjakdygyny aýdýar

2015-njy ýylda düýbi tutulan taslamanyň owgan böleginiň gurluşygyna, resmi maglumata görä, 2018-nji ýylyň 23-nji fewral güni badalga berildi.

Owganystanyň Magdanlar we nebit ministrligi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň amaly böleginiň 2021-nji ýylda başlanjakdygyny aýdýar.

Bu taslama birnäçe ýyl ozal başlandy, ýöne dürli problemalar sebäpli tamamlanman gelýär diýip, menafn.com 29-njy dekabrda habar berdi.

Neşir Magdanlar we nebit ministrliginiň metbugat sekretary Abdul Kadyr Motfiniň aýdan sözlerine salgylanyp, TOPH taslamasy bilen baglanyşykly ähli tehniki, administratiw we hukuk meseleleriniň çözülendigini, onuň Owganystandaky amaly böleginiň indiki ýyl başlanjakdygyny aýtdy. Ýöne habarda geçirijiniň amaly böleginiň geljek ýylyň haýsy aýynda başlanjakdygy anyklaşdyrylmady.

Motfi Jowuzjan welaýatyndan goňşy Balh welaýatyna çenli uzynlygy alty kilometre barabar başga bir gaz geçirijisiniň hem çekiljekdigini, onuň gurluşygynyň hem geljek ýyl başlajakdygyny aýtdy.

Bu geçiriji arkaly gelen gazy 50 megawat elektrik öndürmek üçin ulanmak planlaşdyrylýar diýip, habarda aýdylýar.

2015-njy ýylda düýbi tutulan taslamanyň owgan böleginiň gurluşygyna, resmi Aşgabadyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 23-nji fewral güni badalga berildi.

“Taslamanyň häzirki tapgyryna ýetmek üçin, biz 2015-nji ýyldan bäri köp iş bitirdik. Biz Türkmenistanda öz işimizi tamamladyk indi biz Owganystana süýşýäris” diýip, Euronews kanaly 2018-nji ýylyň 28-nji fewral güni TOPH taslamasyna ýolbaşçylyk edýän ýokary wezipeli türkmen resmisi Muhammetmyrat Amanowy sitirledi.

Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi 2018-nji ýylyň 19-njy noýabrynda TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygy üçin Saud Arabystanyndan geçiriji turbalarynyň iberilýändigini habar berdi.

Emma türkmen resmileri ozal TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny yglan edipdiler.

1800 kilometr uzynlyga çekilmeli TOPH geçirijisi türkmen gazyny Hindistana aşyrmagy maksat edinýär. Ýöne hünärmenler bu taslamanyň öňünde maliýe, howpsuzlyk problemalarynyň durandygyny aýdýarlar.