Ahalda we Maryda 25-nji dekabrda ýagyp başlan gar ertesi bilen dowam etdi we ýerli ilat üçin bir topar kynçylyk döretdi. Şu aralykda, Eýranda turan gar tupanlarynda ondan gowrak adamyň ölüp-ýitendigi, gözleg işleriniň dowam etdirilýändigi habar berildi.
Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy garyň dynman, käte iri, käte ownuklap ýagandygyny, ýere düşen garyň galyňlygynyň 10,15 santimetrden hem geçendigini habar berdi. Marydaky habarçymyz bolsa, gar ýagmagy bilen bir hatarda, sebit merkezinden daşlaşdygyňça, hojalyklara barýan tebigy gazyň tizliginiň barha kän pese gaçandygyny habar berdi.
Degişli maglumat Ýyladyş bilen bagly problemalaryň arasynda ilatdan 'üpjün edilmedik' hyzmat üçin töleg talap edilýärTürkmen döwlet telewideniýesiniň “Watan" programmasynyň 24-nji we 25-nji dekabrdaky howa maglumatlarynda ýurduň sebitlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gar gatyşykly ýagyş ýa-da as-kem gar ýagjakdygy, ýelli howanyň boljakdygy aýdyldy, ýollaryň sürçek bolmagynyň ahmaldygy hem duýduryldy. Ýöne 26-njy dekabrdaky howa maglumatynda ýagyş-garyň, şol sanda sowuk howanyň we ýeliň döreden kynçylyklaryndan söz açylmady.
Mundan öňki ýyllaryň tejribesinden görnüşi ýaly, türkmen häkimiýetleri gyş howasynyň döredip biljek kynçylyklaryna öňünden ýeterlik taýýarlyk görmeýärler. Ýogsa, resmi maglumatlara görä, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, paýtagtdaky durmuş ulgamlaryny ösdürmek üçin her ýylda döwlet tarapyndan ýeterlik serişde goýberilýär.
Garly howa ozaly Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygy gullugynyň we paýtagtyň awtoulaglar agentliginiň gyş paslyna düýpden taýýarlyksyz bolandygyny ýüze çykardy diýip, habarçy aýtdy.
“Awtobus we taksi ulaglary şu wagta çenli tomus tekerlerinde, şol sanda köplenç ulanmak möhleti bireýýäm geçen köne tekerlerinde halka hyzmat edýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bu ýagdaýlardan habarly hünärmene salgylanyp habar berdi.
Awtobuslaryň, taksileriň teker problemalary diňe sürüjilere däl, ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärlerine hem belli bolansoň, ýol hadysalarynyň ýygjamlamak ähtimallygy, ýolagçylaryň jan saglygyna abanýan howp-hatar bilinmeýär diýip bolmaz. Şu aralykda ýol polisiýasynyň awtoulag sürüjileri üçin ýatlatma ýaýratmagy hem bu ýagdaýyň bilinýändigini tassyklaýar.
Degişli maglumat Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär“Hormatly sürüjiler! Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen, ýollarda döreýän sürçek zerarly, sürüjileriň awtoulaglary seresap dolandyrmalydygyny ýatladýarys!” diýip, PÝGG-nyň bildirişinde aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar jemgyýetçilik transport ulgamynyň maddy-üpjünçilik ýagdaýyny has peseldene meňzeýär.
Azatlyk bilen gürleşen transport resmisiniň aýtmagyna görä, barha agralýan maliýe kynçylyklary jemgyýetçilik transporty üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny wagtly-wagtynda satyn almaga mümkinçilik bermeýär. “Awtoulaglaryň köpüsi gurat däl, ýöne olar şol ýagdaýlarynda hem ulanylýar we halka hyzmat etmegini dowam etdirýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen resmi anyk sanlary getirmän aýtdy.
“Şu gün, Teke bazar – Täze zaman aralygynda gatnaýan 64-nji awtobus sürçek ýolda agdaryldy” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 26-njy dekabrda habar berdi. Aýdylmagyna görä, awtobusyň agdarylmagyna onuň tekerleriniň ýülmekligi, goragynyň gutarara gelmegi we sürüjiniň ulag dolandyryşyny ýitirmegi sebäp boldy. “Hadysada ölen adam bolmady, ýöne ýaraly bolanlar bar” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmen telewideniýesinde hatda paýtagtda bolýan ýol hadysalary hakynda hem maglumat berilmeýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda sowuk howanyň başlanmagy bilen gazdan zäherlenýänler köpelýärHowanyň sowamagy bilen, dünýäniň dördünji orundaky tebigy gaz gorlaryna eýe bolan türkmenistanlylaryň ýyladyş kynçylyklary hem ýüze çykýar. Bu paýtagtda hem, sebitlerde hem problema bolmagynda galýar.
“Türkmengala etrabynyň Zähmet obasynda köp hojalyk tasdan gazsyz ýagdaýda ýaşaýar, gaz gaty haýal” diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 26-njy dekabr güni giçlik habar berdi.
Öýleri ýylatmak üçin tok peçlerini ulanýarlar, emma jaýlara çekilen elektrik simleri ol peçleriň talap edýän toguny götermeýär, elektrik enjamlary hatardan çykýar diýip, habarçy aýtdy. Köp hojalykda adamlar gadymy gara peçlere geçip, tapan odunlaryny peje salyp, bolmanda bir otaglaryny ýylatjak bolýar.
Gar ýagansoň, obalara gelýän gaz has-da haýallady, tok bolsa has köp kesilmäge başlady diýip, habarçy aýtdy.
Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylar gazyň köplenç howa sowanda güýçlendirilmän, tersine, haýalladylýandygyny, toguň bolsa kesilýändigini, bejeriş işleriniň hiç wagt wagtynda geçirilmeýändigini, netijede adamlaryň ýagyn ýagandan soň köplenç birnäçe gün toksuz oturýandygyny gürrüň berýärler.
“Bu gaz we elektrik geçirijilerini, enjamlary aýamak üçin edilýär” diýip, bu ulgamda işlän ýaşaýjy gürrüň berdi.
“Gyş gelse, üşemez ýaly, kiçi çagalarymyzy gat-gat geýdirip, bir otagdan çykarman saklaýarys. Elektrik peçlerini hem seresap bolup ulanmaly, ýogsa tok ýygy-ýygdan kesilip, käte güýçli gelende, öýdäki elektrik enjamlaryny sandan çykarýar, soň olar üçin pul tapmak has kyn” diýip, oba ýaşaýjylarynyň biri aýtdy.
Sowuk howa, öýlerdäki ýyladyş problemalary çagalaryň we garry adamlaryň ýygy-ýygydan kesellemegine alyp gelýär, köp hojalykda derman, lukman üçinem pul ýok diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Degişli maglumat Aşgabatda gar ýagýar, sürüjilere seresap bolmak ýatladyldy, jaýlar sowaýarAşgabadyň Parahat-2 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işini haýallatdy, jaýlaryň otaglary sowuk diýip, Aşgabatdaky habarçy 26-njy dekabrda ilki iberen habarynda aýtdy. Soňra ol ýene köp ýerde, Parahat 3-de, 11-nji etrapçada... ýyladyşyň ýokdugyny habar berdi.
Şeýle-d, köçelere düşen gar zerarly, awtoulaglaryň kynlyk bilen hereket edýändigi, eger ertir hem şeýle ýagyn bolsa, ýollardaky ýagdaýyň has agyrlaşjakdygy mälim boldy. Ýöne soňra sosial mediada peýda bolan wideolarda köçelerdäki garyň ereýändigi göründi.
Aşgabatlylaryň käbiri arçalaryň pürli şahalaryny aşak eger garly howada daşaryk çykyp, garly Aşgabady, bir-birini surata düşürdiler we bu şekilleri sosial ulgamlardaky dostlary bilen paýlaşdylar.
Ýaşaýjylar hemişe ýarylýan ýerasty turbalary bejerýän işçilere gynanýarlar. Olar köne turbalary çalşyrman, köplenç suw goýberýän ýerlerini ýamap, deşiklerine agaç dykyp, işlerini ýarpy-ýalta etmeli bolýar diýip, paýtagtyň ýyladyş problemalaryny öwrenen habarçy öňki ýyllardaky agyr ýagdaýyň bu ýylam gaýtalanýandygyny habar berdi.
“Biz könäni köne bilen çalyşýarys, täze turba-da, enjam-da ýok” diýip, Aşgabadyň ýyladyş edarasynyň bir işgäri özleriniň ellerinden gelenini edýändiklerini, geçirijileriň ählisiniň könedigini aýtdy.
Şu aralykda goňşy Eýranda ýagan agyr garyň we güýçli ýeliň döreden kynçylyklary mälim boldy. Döwlet TW-siniň habarlaryna görä, Eýrandaky gar tupanlary 26-njy dekabrda daga çykyjylaryň 10 sanysynyň ölmegine, birnäçe adamyň bolsa ýitmegine, ýurduň köp bölegindäki ýapylmagyna sebäp boldy.
Ýerli media ölenleriň sanynyň has köp bolmagynyň hem ahmaldygyny, sebäbi daga çykan adamlaryň köpüsiniň tapylmaýandygyny öňe sürýär.
Goňşy ýurtlardaky tebigy hadysalaryň, suw joşmalarynyň pidalary, ýetiren zyýanlary aýdylsa-da, Türkmenistan bu hili habarlary aýdyp, ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmakdan saklanmagyny dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.