Aşgabat rus sanjymyny alar. Berdimuhamedow Putine 'saglyk tagallasy' üçin sagbol aýtdy

G.Berdimuhamedow täze saglyk edarasyny açýar. Arhiw suraty

Türkmenistan Orsýetiň koronawirus sanjymyny ýeterlik mukdarda öndürilen badyna satyn alyp biler diýip, “Trend” neşiri Aşgabatdaky rus ilçisi Aleksandr Blohiniň “Türkmenportal” neşirine aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.

Şeýle-de ilçi Orsýetiň Türkmenistana 50 müňden gowrak synag ulgamyny mugt berendigini aýtdy.

Mundan başga, habarda Türkmenistanyň Orsýetden takmynan 8 million dollarlyk derman we medisina enjamlaryny satyn alandygy bellenýär.

“Biz öz sanjymymyza, hususan-da “Sputnik V” waksinamyza türkmen tarapyndan talap bolar umyt edýäris” diýip, Blohin aýtdy.

Şu aralykda Türkmenistanyň prezidenti GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşyp, rus kärdeşi Wladimir Putine koronawirus pandemiýasyna garşy durmakda alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Orsýet awgustda anti-COVID-19 sanjymyny tassyklan ilkinji ýurt boldy, ýöne bu iş giň gerimli barlag geçirilmezden edildi we saglyk hünärmenleriniň köpüsi oňa şübheli garady.

Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrda guralan wideoşekilli mejlisiň dowamynda 2020-nji ýylyň GDA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlary üçin uly synaga öwrülendigini belledi, emma Türkmenistandaky saglyk ýagdaýyny anyklaşdyrmady.

Türkmenistan dünýäde koronawirus ýokuşmasynyň hiç bir hadysasyny resmi taýdan tassyklamadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Daşary ýurtlaryň habar saýtlarynyň käbiri türkmen prezidentiniň ýokanç kesellere garşy ýüzärlik tütetmek ýaly halk tebipçilik usullaryny maslahat bermegini nazara alyp, Türkmenistanyň koronawirusa garşy “gizlin ýaragynyň” bardygyny aýdýar.