Ýylyň Jemleri. Bu ýylyň gowy täzelikleri (hawa, şeýle habarlar bolupdy)

Aziýa sugun çagasy. Çeşme: Southern Institute of Ecology (AFP)

Köpler 2020-nji ýylda bolup-geçenleri eýýäm unutmak isleýärler, ýöne ýowuz sözbaşylaryň arasynda, birnäçe gowy habarlar ýitipdi.

Poslamaýan polatdan edilen köp sanly gaplar Halkara termoýadro synag reaktoryna getirildi. Ol gaplar awgust aýynda Fransiýanyň günortasyna eltildi.

Energiýanyň täze çeşmesi: termoýadro sintezi dünýäni özgerdermi

Alymlaryň arassa termoýadro reaktory baradaky arzuwlary hakykata golaýlaşdy. Awgust aýynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Halkara termoýadro synag reaktorynyň (ITER) ýygnalyp başlandygyny mälim etdi.

Ýadro sinteziniň dolandyrylyşy dünýä energetikasynda uly öwrülişik döretmegi mümkin. Ýadrony bölmek reaksiýasy, ýagny atomyň bölünmegi arkaly alynýan energiýany Hirosimany ýer bilen ýegsan eden güýç bilen deňemek mümkin. Ergin atomyň birleşmegi netijesinde, gyzgyn bölejikler boş giňişlikde çaknyşýarlar hem has uly atomy emele getirýärler. Şeýle ýagdaýda alnan energiýa zibilleri zyňylýan zyýanly taşlandylar bilen baglanyşykly däl.

ITER proýekti az mukdarda ýangyç talap edýär, ony aram-aram deňiz suwy bilen doldurmagam mümkin.

Fransiýadaky Prowansede ýerleşen ITER.

ITER proýekti barada ilkinji gezek sowet lideri Mihail Gorbaçew 1985-nji ýylda ABŞ-yň prezidenti Ronald Reýgan bilen duşuşanynda aýdypdy. Şondan soňra ol meselä beýleki ýurtlar hem goşulyşdylar we bu ideýa üçin ummasyz köp mukdarda inwestisiýa harç etdiler. Indi ITER reaktorynyň ilkinji synagy 2025-nji ýyla bellendi.

Şeýle proýektiň arkaýynlyk bilen alnyp barylmagy beýleki gurmalara hem termoýadro sintezini kameralarda alyp barmaga mümkinçilik döretdi. Munuň özi teoretiki taýdan sowet alymlary tarapyndan baryp 50-njy ýyllarda teklip edilipdi. Ol ýa-da beýleki bir ýagdaýda bu iş üstünlikli amala aşsa, ol adamzat üçin ýakyn geljegiň energiýa meselelerini çözmäge ýardam edip biler.

Çernobyl “kömelekleri” kosmosdaky radiasiýadan gorap biler

Adam Çernobyl AES-niň üsti örtülen reaktorynyň dolandyryş bölümine seredýär.

Awgust aýynda Stenfordyň hem Demirgazyk Karolina Uniwersitetiniň alymlary makala çap edip, Çernobylda döredilen “kömelekleriň” kosmonawtlaryň Mars planetasyna baryp ýetmegine hem hatda ol ýerde howpsuz ýaşamagyna kömek berjekdigini aýtdylar.

Alymlar Çernobyl AES-ne gelip, indi hiç bir zada dereksiz bolan gara “kömelekleri” ünsli öwrenip, radiasiýa şöhleli ýapyklygyň içinde dörän ýagdaýy barlanlaryndan soň, şeýle maglumat peýda boldy.

Soňky barlaglar bolsa “kömelek-synaglaryň” radiasiýany energiýa öndürmäge mümkinçiliginiň bardygyny görkezdi. Radiasiýanyň şeýle berk ýapyk ýagdaýda bolmagy alymlarda şular ýaly “kömelekleriň” nusgasyny Halkara kosmiki stansiýalaryna – duralgalaryna iberip boljak diýen pikiri döretdi.

Cladosporium sphaerospermum – hut şol Çernobyl “kömelegi” Petri okarasynda, ýagny içi görnüp duran üsti ýalpak silindrde.

Adamyň Mars planetasyna ýetmeginde esasy päsgelçilik berýän zat kosmiki radiasiýa bolup durýar. Kosmonawtlar ýeriň atmosferasyndan çykandan soňra, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şonuň üçinem NASA radioaktiw “kömeleginiň” kosmosda nähili şert döretjekdigi bilen örän ýiti gyzyklandy.

Ýapyk örtginiň içinde Cladosporium sphaerospermum üçin “çemenjik” döretdiler, onuň gabygynyň galyňlygy 1,7 mm. Ýapyk örtgi ol ýerdäki radiasiýanyň 2%-ni özüne siňdirdi. Munuň örän ýönekeý netije bolmagy mümkin, eger daşky örtginiň galyňlygy 21 sm. ýetirilse, ol iş ýüzünde kosmonawtlary radiasiýadan doly gorap bilýär.

Aýratyn ähmiýet bermeli tarapy, şeýle gurluşy Marsda ýa-ada kosmiki gäminiň bortunda döretmek mümkin.

"Ýaşyl tolkunlar". Pakistanda işçiler suwa batmaýan galtgany saklap durlar

Pakistanly işçiler koronawirus pandemiýasy başlanmazdan öň, ýol ýakasyna agaç oturdýarlar.

Karantin şertlerinde işsiz galan, käbirleri bolsa ýaşamaga-da şertleri bolmadyk altmyş müň çemesi pakistanly özlerine täze iş tapyndylar – olar agaç oturdýarlar.

Pakistanda agaç tokaýlygyny ýaňadan diklemek, 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 10 milliard düýp agaç oturtmak inisiatiwasy pandemiýanyň başlanmagy bilen ünsden düşüpdi, sebäbi bütin ýurtda ykdysadyýet çökdi. Ýöne hökümetler agaç oturtmagyň saklanmagyny derrew aradan aýyrdylar hem pul tölenmeýän işsiz galanlary bu işe çekdiler.

Karaçide agaç oturdýan işçiler

Açlyk howpunyň alnynda duran işçilere indi her günde örän az mukdarda, 500 rupiýa (3 dollar çemesi) hak tölenýär. Ýöne ýurduň ýaşyl şekile girjegine umyt bar. Bir ýaşaýjy Routers agentligine şeýle diýdi: «Koronawirus sebäpli şäher ýapyldy hem iş tapdyrman galdy. Biziň köpimiz gün-güzeranymyzy dolandyrmak mümkinçiliginden mahrum bolduk». Onuň sözüne görä, agaç oturtmak inisiatiwasy janlanýar: «Biziň ählimiz ýene-de öz maşgalamyzy eklär ýaly, her günlük iýjegimizi gazanyp bildik» diýip, ol ýaşaýjy aýdýar.

Boýalan ýel generatorlary guşlar üçin has hopsuz boldy

Guşlaryň howpsuzlygy synag edilýän wagtynda, Smýolede ýerleşen fermadaky ýel generatorynyň winti - peri boýaldy

Norwegiýaly alymlar her ýylda ýel generatorynyň wintinden heläk bolýan köp müňlerçe guşlary ölümden halas etmegiň mümkinçiligini oýlap tapdylar.

Norwegiýadaky Smýole fermasynda köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglara esaslanýan makala çap boldy. Onda aýdylmagyna görä, ençeme ýel generatorlarynyň wintleri reňke boýalandan soň, guşlaryň ölümi birden azalypdyr.

Guşlaryň ölümi – ýeliň güýjünden energiýa almak meselesinde duýga esaslanýan garşy duruş çärelerinden biridi. Guşlar, aýratyn-da, ýagtylygyň az wagtynda hem ümürli günlerde daşy goragsyz bolan ýel generatorynyň pidasy bolýardy. Şeýle synag geçirilmezden öň Smýole fermasynda guýruk ganaty ak bürgütleriň ençemesi heläk bolupdy.

Fransiýadaky Sen-Nazerde goýlan turbinleriň wintine gözegçilik edýän tehnika. 2012-nji ýyl.

Ysgaw itleriniň hyzmatyndan peýdalanan alymlar ölen guşlaryň galyndylaryny tapdylar hem wintler - perler reňklenenden soň, olaryň ölüminiň 70% azalandygyny anykladylar.

Perleriň reňklenmegi guşlara howply zonany görmäge has aýdyň mümkinçilik berýär. Günorta Afrika Respublikasy hem Niderlandiýa şol synaglary ýel generatorlarynda gaýtadan synap görmäge taýýarlanýarlar.

Wýetnam ýabany haýwanlaryň söwdasyna garşy üstünlikli göreş alyp barýar

Wýetnamyň faunany goramak merkezinde bir işçi pangolinany tutup dur, ol ýerde pangolinanyň köpelmek maksatnamasy hereket edýär

Koronawirus pandemiýasy başlanan badyna, birnäçe sebäplere görä, Hytaýdaky hem Wýetnamdaky ýabany haýwanlaryň satylýan bazarlarynda köp sanly agyr ýagdaýlar aýan edildi, şondan soňra kanuny däl jandarlaryň satylmagyna garşy berk göreş başlandy. Mundan öň Wýetnam şeýle söwdanyň geçirilýän esasy ýerlerinden biri saýylýardy.

Iýul aýynda dünýäniň habar serişdeleri Wýetnamyň ýabany haýwanlaryň söwdasyny gadagan edýän kanuny girizendigini geň waka hökmünde habar berdi. Wýetnam geljekde ýokançly keseliň öňüni almak maksady bilen şeýle karara gelipdi.

Ýurduň içinde bolan ekspertleriň aýtmagyna görä, bu gaty bir beýle däl; hökümet öňden hem bar bolan we hereket edip gelýän kanunlaryň has aýdyň ýerine ýetirilmegine çagyryş edipdi. Ýöne pandemiýa wagtynda bu çagyryş diňe bir boş ýüzlenme bolmandyr.

Wýetnamda doglan sugunjyk – olaryň tohumy gutaryp barýardy. Bu 2018-nji ýylda surata düşürilipdir.

Ekologlaryň aýtmagyna görä, soňky iki ýylda Wýetnamda saklanan brakonýorlaryň sany öňküden 44% artyk bolupdyr, 2020-nji ýylda bolsa 97% kontrabanda bilen saklanyp tussag edilipdir. Şeýle hem ýabany haýwanlaryň söwdasyny edýänlere görülýän çäre belli derejede köpelipdir.