BSG-niň wekilleriniň suratyny garaşsyz neşire iberen aşgabatly ýigit 4 ýyl 'azatlykdan mahrum edildi'

"turkmen.news" neşiriniň websaýtyndan alnan surat.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Türkmenistana sapar eden BSG-niň wekilleriniň sosial mediadaky suratyny garaşsyz neşire iberendigi üçin 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip, "turkmen.news" neşiri habar berýär.

"15-nji sentýabrda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrap kazyýeti 26 ýaşly Nurgeldi Halykowy dört ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ol Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleriniň suratyny türkmen.news neşiriniň redaksiýasyna iberipdi. Nurgeldi bu suratyň awtory hem däldi. Oňa toslama aýyplamada, ýagny galplykda iş kesildi. Onuň hamala, bergisini yzyna bermändigi barada dosty tarapyndan arza ýazylypdyr" diýip, neşir ýazýar.

Degişli maglumat “Sen näme, watan dönügimi?!”: MHM Internetde tankydy maglumatlary görýänleri soraga çekýär

14-nji dekabrda çap edilen maglumata görä, bu suratyň asyl nusgasy "Ýyldyz" myhmanhanasynda dynç alan aşgabatly gyz tarapyndan 12-nji iýulda düşürildi. Bu gyzCOVID-19 pandemiýasy sebäpli ýurda sapar eden BSG-niň wekilleriniň howzuň başynda oturandygyny görýär we olary surata düşürýär.

"Suratyň awtory ony Instagram sosial ulgamynda paýlaşýar. Şol ýerde bu suraty ozal bu gyz bilen bir mekdepde okan Nurgeldi hem görýär. Ol suraty "turkmen.news" neşiriniň redaksiýasyna ibermegi zerur hasaplaýar" diýip, neşir belleýär.

Habara görä, ertesi güni, 13-nji iýulda Halykowyň tanyşy ony Instagramdaky dostlarynyň arasyndan aýyrdy we soňra-da ondan BSG-niň wekilleriniň suratyny ýaýradandygyny ýa-da ýaýratmandygyny sorady. Birnäçe sagat soň (takmynan 17:00-da) ýigit polisiýa çagyryldy we şondan soň onuň bilen aragatnaşyk ýitdi.

Redaksiýa şondan soňky birnäçe günüň dowamynda Halykowyň nirededigini anyklamaga synanyşandygyny, ýöne onuň maşgalasynyň bu waka barada gürleşmekden ýüz öwürendigini hem belleýär.

"6-njy iýulda (ol polisiýa çagyrylandan 13 gün soň) turkmen.news Nurgeldiden habar aldy. Nurgeldi hamala, özüniň ýylyň başynda karz alan 5 müň dollar bergisi sebäpli polisiýa çagyrylandygyny öňe sürdi. Ol hamala, karz berijiniň özüne garşy beýannama ýazandygyny aýdyp, her gün polisiýa çagyrylýandygyny aýtdy" diýip, neşir ýazdy.

Degişli maglumat Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistany Allaberdiýewi azat etmäge çagyrýarlar

Redaksiýa Halykowyň şeýle bergisiniň bardygy we ondan ony yzyna gaýtarmagyň talap edilýändigi barada özüniň bihabardygyny, ýöne Nurgeldiniň bu mesele barada özlerine aýtjakdygyna ynanmaga esaslarynyň bardygyny hem belleýär.

"Emma muny anyklamak bize başartmady - sebäbi şondan soň Nurgeldi habarlaşmady we sosial torda hem görünmedi. Oktýabr aýynyň başynda, "berginiň üzülmezligi" galplyk hökmünde ykrar edildi. Bagtyýarlyk etrap kazyýeti redaksiýa beren maglumatynda ýigidiň 15-nji sentýabrda dört ýyl azatlykdan mahrum edilendigini tassyklady" diýip, neşir bu işiň BSG-niň delegasiýasynyň suraty sebäpli galplaşdyrylandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada Bagtyýarlyk etrap kazyýetinden hem kommentariý alyp bolmady.

Redaksiýa Türkmenistanda “režimiň duşmany” hasaplanýan adamlaryň galp jenaýat aýyplamalary bilen höküm edilmeginiň giňden ýaýrandygyna ünsi çekip, ýakynda ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewiň “huligançylykda” alty ýyl azatlykdan mahrum edilendigini ýatlatdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramalar onuň “daşary ýurt aktiwistleri bilen gatnaşyk saklandygy üçin galp aýyplamalar esasynda türme tussaglygyna höküm edilendigini" aýdýarlar. Oktýabrda “Human Rights Watch” (HRW) beýanat ýaýradyp, adam hukuklaryny goraýjy 10 guramanyň türkmen häkimiýetlerini Allaberdiýewiň tussaglygyny “ýatyrmaga” çagyrandygyny aýtdy.

Belläp geçsek, söz azatlygyny berk basyp ýatyrmakda tankytlanýan Türkmenistan soňky aýlarda ýurtdaky maglumat elýeterliligini has hem çäklendirmek ugrunda hereket edip başlady.

Geçen dynç günleriniň dowamynda Lebabyň administratiw merkezinde we beýleki ençeme etrabynda onlarça adam internetde garaşsyz habar serişdeleriniň, türkmen oppozisiýa syýasatçylarynyň we aktiwistleriniň maglumatlaryna tomaşa edendigi üçin soraga çekildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.