Türkmenistanda ýok diýilýän koronawirus medisina hyzmatlarynyň hilini hasam peseltdi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Koronawirus pandemiýasy medisina hyzmatlarynyň hilini erbetleşdirdi we Türkmenistanda ilatyň saglygyny bejertmek mümkinçiligini çäklendirdi. Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik ýurtda hassahanalarda adam köp, dermanlar ýeterlik däl, saglyk işgärleri ýetmezçilik edýär we enjamlar bejerilmeýär. Häkimiýetler tarapyndan ilatyň hereketine çäklendirme girizilenden soň, agyr hassalaryň köpüsi ýurduň beýleki ýerlerinde ýerleşýän lukmançylyk edaralaryna baryp bilmeýändigi sebäpli zerur medisina kömegini almakdan mahrum bolýarlar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurt içinden habar berýärler.