Döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriniň ýurtda gazanylandygy aýdylýan uly ösüşleri mahabatlandyrmagy dowam etmegi bilen bir wagtda, Mary sebitinde manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary saklanyp galýar.
Býujet işgärleri aýlyklaryndan Täze ýyl arçasy üçin nagt pul tabşyrmaga mejbur edilýär diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 12-nji dekabrda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän gününde habar berdi.
Şu aralykda döwlet TW-si Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň ýurtda “giňden dabaralandyrylandygyny” habar berdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow täze desgalary açyp, könelerini 'açyk-gizlin' satmagy dowam etdirýärBaýramçylyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Aşgabatdaky Bitaraplyk binasynyň eteginde gül goýmak dabarasyndan başlandy. Soňra prezident baýramçylyk mynasybetli guralan halkara sergä baryp gördi, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly halkara maslahata gatnaşdy.
Bitaraplyk Baýramyndan bir gün öň geçirilen hökümet mejlisinde prezidente we beýleki emeldarlara Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ulanyşa goýberilen milli manat we “halk süýjüliginden toý paýy” berildi” diýip, TDH habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, prezident “bu sylaglaryň ählisini türkmen halkymyza berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy”.
Şu aralykda Mary sebitindäki býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklary kartlara geçirilip başlandy, ýöne baýramçylykdan öň aýlyk aljak adamlaryň şatlygyna ýene, öňki aýlarda bolşy ýaly, pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary kölege salýar.
Pul nagtlaşdyrmak kynçylygynyň üstüne Täze ýyl arçasynyň bezegleri üçin ýygnalýan pul hem urna boldy. Mejbury-meýletin görnüşde ýygnalýan pullary, hemişeki ýaly, ýene nagt görnüşinde, edara ýolbaşçylarynyň eline getirip bermeli.
Degişli maglumat Býujet işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” pul ýygnalýarBu gezek pul edara işgärleriniň aýlyklaryna görä ýygnalýar; eger býujet edarasynyň işgäriniň aýlygy 1000 manada çenli bolsa, onda ol 50 manat, eger aýlygy müňden geçse, 100 manat möçberinde baş arçanyň bezegleri üçin pul tabşyrmaly diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy aýtdy.
Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ýerleşýän kitaphananyň işiginde dikiljek uly Täze ýyl arçasy hepdäniň başynda “gurnalyp başlandy”, şäheriň başga ýerlerinde entek bezeg işleri geçirilmeýär, Baş arça üçin ýygnalan puldan başga, edara-kärhanalar öz binalaryny bezemek üçinem pul tapmaly.
Bu ýagdaý býujet edaralarynyň işgärleriniň öz iş jaýlaryny, edaranyň daş-töwereklerini bezemek üçin çykdajy etmegine sebäp bolýar. Bezegleriň iň arzanlary 50-60 bolup, soňra gymmatlap başlaýar. Adamlar bu pullary çagalarynyň agzyndan kesip bermeli diýip, Azatlygyň maryly söhbetdeşi aýtdy.
Aýlyk haklarynyň plastik kartlaryna geçirilmegi ýene adamlary agşamsy bilen nobata durmaga mejbur edýär diýip, manat nagtlaşdyrmak üçin Türkmengala etrabyndaky “Halk bankyň” arka ýüzünde ýatyp-turýan adamlary gören habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Bankomat nobatlary: 'Men sizden karz pul sorap gelemok, meniň daban azabymy beriň'Onuň sözlerine görä, “Halk bankyň” arka ýüzüne haýat aýlanyp, onuň içinde, banka degişli ýerde bankomat goýlupdyr; ol howla girenler daşyndan görünmeýär we bu ýere gelenler ýaşaýyş jaýynyň ýapyk howlusyna giren ýaly bolýar.
Türkmengala etrabynyň adamlary eýýäm üç gün bäri bankyň howlusynda ýatyp-turýar, howa sowuk, adamlaryň ýany bilen içmek üçin alyp baran suwlary gije doňýar; sowuga çydamadyk adamlar dört-dörtden awtoulaglara girip ýatýarlar, adam gaty kän, aýtymlyk gelmeseň, pul alyp bolmaýar diýip, Azatlygyň habarçysy üç günde hem pul nagtlaşdyryp bilmedik adamlary görendigini gürrüň berdi.
Gündizlerine daşarda ot ýakyp, taňkada çaý gaýnadýanlar hem bar, käbirleri, öýleri ýakyn bolsa ýa ýakynda tanyşlary bolsa, demkeşde gyzgyn suw getirdip, çaý içip ýylynjak bolýar.
Aýdylmagyna görä, pula garaşýan adamlar hepdäniň başyndan gelip, bankdan habar tutmaga başlady, ýöne gatnap ýadanlar bankyň arkasyndaky howpluda goş basdylar; bank işgäri ilki bankomatlara puluň üçünji gün salynýandygyny aýtdy, emma bäşinji günüň günortanyna çenli hem pul bolmady diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
10% pul töläp, ýangyç guýulýan stansiýalarda pul nagtlaşdyrjak bolýanlar hem bar, emma bizde hem ýeterlik nagt pul ýok, sebäbi sürüjileriň ählisi diýen ýaly kartda hasaplaşýar diýip, ýangyç stansiýasynyň işgäri Azatlyga aýtdy.
Degişli maglumat Prezident we beýlekiler döwlet sylaglaryny baş egip, ýüzlerine sylyp kabul etdiManat ýetmezçiliginden başga, sebitde kart töleglerini kabul edýän terminallaryň hem hemişe gowy işlemeýändigi habar berilýär.
8-nji dekabr güni bankomatlarda, ýangyç guýulýan stansiýalarda we dükanlarda terminallar uzakly gün işlemedi, adamlar söwda edip bilmedi, munuň sebäbi “swýaz ýok”, ýagny aragatnaşygyň bozulandygy bilen düşündirildi; ýangyç stansiýalarynda “kart kabul edilmeýär, swýaz ýok” diýdiler, bankomatlarda bolsa “swýaz ýok” diýen görnüşde ýüzlenme belligi goýuldy diýip, habarçy aýtdy.
Şu aralykda özüni Abdyresul diýip atlandyran okyjymyz Azatlygyň websaýtynda teswir galdyryp, Lebapda COVID-19 keselinden ölýänleriň köpelýändigini, ýöne derman üçin nagt pul tapmagyň kyndygyny aýtdy.
“Öz şahsy kartyňdaky puly nagtlaşdyrmak üçin banklara, bankomatlaryň öňüne barsaň - pasport, öz aýalyň ýa-da adamyň kartyndan pul çekjek bolsaň - nika hakyndaky şahadatnama we pasporty talap edilýär. Adamlar ol býurokratik talap bilenem öwrenişdi. Emma indi dermanhanalara barsaň hem käbir dermanlary nagt däl görnüşde, kart bilen almakçy bolsaň, dermanhana işgärleri kartyň eýesiniň pasportyny talap edip başlapdyrlar” diýip, Abdyresulyň galdyran ýazgysynda bellenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.