Ýakyn taryhyň çatrygynda: Türkmen metbugatynyň irki sepgitleri (3-nji bölüm)

Illýustrasiýa suraty. Garagum çöli

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen metbugatynyň irki sepgitlerinden söz açýar.

Türkmen metbugatynyň irki sepgitleri baradaky söhbete 19-njy asyryň ahyrlarynda Aşgabatda esaslandyrylan “Zakaspiýskoýe obozreniýe” atly gazet bilen başlamaly bolýar.

Patyşa Russiýasy häzirki Türkmenistanyň çäklerini doly basyp alandan 10 ýyl gowrak soň, 1895-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Aşgabatda ilkinji gazet dünýä indi. “Zakaspiýskoýe obozreniýe” gazetini Konstantin Fýodorow esaslandyrdy. Ol Merkezi Aziýa boýunça ýazylan ençeme işiň awtorydyr. Fýodorowyň hususy çaphanasynda çap edilen syýasy-jemgyýetçilik neşirde Zakaspi oblastynyň hem-de Türküstan general-gubernatorlygynyň harby administrasiýasynyň buýruklary, Russiýa baradaky habarlar we ýerli hronika okyjylara ýetirilýärdi. 1899-njy ýylda ýene bri rus dilli “Ashabad” gazeti esaslandyryldy.

1914-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Ruznameý-i Maweraýy Bahry-Hazar” (“Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazeta”) esaslandyryldy. Ol türkmen we pars dillerinde çap edilýärdi.

Sowet häkimiýetleriniň aralaşmagy bilen häzirki Türkmenistanda 20-nji asyryň birinji ýarymynda neşirleriň sany artdy. Soňy bilen regional gazetler neşir edilip başlandy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen metbugatynyň irki sepgitlerinden söz açýar. Gepleşige Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ýakyn taryhyň çatrygynda: Türkmen metbugatynyň irki sepgitleri (3-nji bölüm)