Waksina sanjymlarynyň başlanan güni COVID-19 sanjymy iki adama ýiti ýaramaz reaksiýa berenden soň, Britaniýanyň saglyk edarasy ozal allergiýasy bolan adamlara Pfizer-BioNTech koronawirus waksinasyny almazlygy maslahat berýär.
Britaniýa 8-nji dekabrda ilki uly ýaşly adamlardan hem-de wirusa garşy göreşýän saglyk işgärlerinden başlap, köpçülikleýin waksina sanjymlaryna girişdi.
Ýurduň Derman we saglygy saklaýyş önümlerine gözegçilik agentligi geçen hepde dünýäde ilkinji bolup waksinany makullady.
Milli saglyk gullugynyň (NHS) direktory Stefen Powis (Stephen Powis) 9-njy dekabrda Gullugyň iki işgärinde waksina sanjymyndan soň anafilaktoid reaksiýasynyň ýüze çykandygyny aýtdy.
“Täze waksinalarda ýüze çykýan bu adaty ýagdaý sebäpli Derman we saglygy saklaýyş önümlerine gözegçilik agentligi, düýn allergiýa geçmişi bolan iki adama waksina ýaramaz täsir edenden soň, öňüni alyş çäreleriniň çäginde, ozal çynlakaý allergiýasy bolan adamlara bu waksinany almazlygy maslahat berdi” diýip, Powis aýtdy.
“Olaryň ikisiniň-de saglygy gowulaşýar” diýip, ol sözüne goşdy.
Agentlik goşmaça maglumat sorajakdygyny aýtdy. Pfizer we BioNTech agentligiň derňewini goldaýandyklaryny mälim etdiler.