Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda ykdysady çykalgasyzlykdan öz-özüni heläkleýän adamlar barada habarlar gelip gowuşýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky aýlarda Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde janyndan geçýän adamlaryň durmuş şertlerini we şeýle hadysalaryň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpleri öwrendi.
“Darganatanyň Gyzylrabat, Lebap daýhan birleşiklerinde we etrap merkezinde sentýabrdan bäri 11 adam öz janyna kast edip, aradan çykdy” diýip, sanlardan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
“Farabyň merkezinde hem bular ýaly hadysalar köpelýär. Farabyň diňe bir posýologynyň özünde soňky iki aýda bäş adam özüni heläkläp öldi” diýip, çeşme sözüne goşdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda "Soňky jaňdan" öň üç mekdep okuwçysy özüni heläklediOnuň maglumatlaryna görä, şeýle ölümler ýürek ýa bagyr ýetmezçiligi, bagyr sirrozy ýa insult diagnozy bilen resmileşdirilýär we ölümleriň anyk sebäpleri resmi hasaba alynmaýar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi öz janyna kast edýän adamlar baradaky sanlary we olar boýunça açylan derňewleri köpçülige mälim etmeýär.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar janyna kast edýän adamlaryň köpüsiniň ykdysady çykgynsyzlykdan özlerini heläkleýändigini aýdýarlar.
“Aslynda, merhumlar ykdysady şertlerden çykalga tapman, ýa-da uly karz alyp bergisini töläp bilmän özlerini öldürýärler” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, özüni öldürýän adamlaryň arasynda ýaşlar hem bar.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ençeme lebaply ýaşaýjy okuwçy ýaşlaryndaky ýetginjekler üçin mekdep çärelerine olaryň ene-atalarynda puluň bolmazlygy ýaşlary çykgynsyz ýagdaýa salýar. “Mekdepde göwreli bolup, çykalgasyzlykdan özlerini öldürýänler bar” diýip, ýene bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Azatlyk geçen maý aýynda Lebabyň mekdeplerinde geçirilen “Soňky jaň” dabarasynyň öňýany, pulsuzlykdan özüni heläklän birnäçe okuwçy barada habar berdi
Degişli maglumat Türkmenistanda "Soňky jaňdan" öň ýene bir mekdep okuwçysy özüni dördünji gatdan okladyTürkmenistanda öz janyna kast edýän adamlar barada statistiki maglumatlar elýeterli däl. Ýöne geçen ýylyň iýulynda Duşenbedäki Merkezi Aziýa uniwersitetiniň Medeni miras we ynsanperwerçilik ylymlary bölümi tarapyndan guralan leksiýada jemgyýetçilige ýetirilen ylmy barlaglaryň netijeleri Türkmenistanda ýylda her ýüz müň adamdan 15 töweregi adamyň öz janyna kast edýändigini görkezdi.
Ylmy barlagyň netijelerine görä, her ýyl dünýäde 1.5 milliona golaý adam öz janyna kast edýär. Öz janyna kast edýänleriň 76 prosenti pes we orta girdejili ýurtlara düşýär, bu betbagtçylygyň çen bilen 60 prosenti diňe Aziýa ýurtlarynda bolýar.
“Häzir adamlar esasan ykdysady şertler bilen özlerini heläk edýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna ýokarlanýan soňky tendensiýalaryň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüň berdi.
Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Krizisiň fonunda döwlet dükanlarynda azyk harytlaryň gytçylygy, hususy söwdada olaryň gymmatçylygy ilatyň durmuşyny kynlaşdyrýar.
Ýöne döwlet media serişdeleri adamlarda jana kast ediş meýilleriniň ýygjamlaşmagy barada habar bermeýär. Bular barada Azatlyk Radiosy ýerli resmilerden hem hiç hili düşündiriş alyp bilmeýär.
“Golaýda Hojambazda, Farapda Ýokary gözegçilik barlagy bolanda Saýat, Hojambaz, Dänew we Farap etraplarynda bäş adamyň jogapkärçilikden gorkup, özlerini öldürendigi barada maglumatlar bar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Bu sanyň has köpdügi aýdylýar” diýip, ol sözüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.