Lebapda käbir polisiýa işgärleri tenini satmak bilen meşgullanýan aýallar bilen dildüwşüge girip, kä halatlarda olary ýörite mejbur edip, bu hyzmatlardan peýdalanmakçy bolýan erkekleri duzaga düşürip, para talap edip başladylar. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bu ýagdaýlary başdan geçiren erkekleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolmagy başardy. Bellemeli ýeri, gürrüňi ediljek şahsýyetleriň howpsuzlygyny we gizlinligini üpjün etmek maksady bilen, anyk adam we ýer atlaryny agzamakdan saklanýarys.
“Mundan bir hepde töweregi ozal IMO messenjeri arkaly bir aýal maşgala bilen tanyşanymda, ol pula jynsy gatnaşyga geçmegi teklip etdi. Ol 1 sagadyna 50 manat sorady we Farabyň etegindäki jaýlaryň birini salgy berdi. Gije-ýary ol ýere gelnimden 30 minut çemesi soňra, gapydan polisiýa işgäri kürsäp girdi. Ol polisiýa edarasyna äkitmek, iş ýerimi habarly etmek, ‘masgaralamak’ haýbatlaryny atdy we 5 müň manat möçberinde para talap etdi. Men gijäniň dowamynda tanyşlarymdan karz alyp, bu puly bermeli boldum” diýip, 30 ýaşlaryndaky faraply ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.
Ýatlatsak, Türkmenistanda jelepçilik bilen meşgullanýanlar bilen bir hatarda, bu hyzmatlardan peýdalanan şahslar hem kanuny jogapkärçiligine çekilýär.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 361-nji maddasyna laýyklykda, Jelepçilik bilen meşgullanýan şahs bilen peşgeş töläp, jyns gatnaşygynyň edilmegi – binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da 24 sagatdan 36 sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär.
Degişli maglumat Türkmenistanda orta mekdeplerden okuwçylaryň ahlak terbiýesine üns bermek talap edildi. Sebäp näme?Mundan başga-da, habarçymyz bu barada şahsyň işleýän döwlet edarasyna habar berilse, onuň işinden kowulmak howatyrlarynyň hem bardygyna ünsi çekýär.
Türkmenistanda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän ýiti ykdysady krizisiň, maliýe ýetmezçiliginiň we harytlaryň dowamly gymmatlamagynyň arasynda, gün-güzeran aladasy sebäpli aýal-gyzlaryň käbriniň tenini satýandygy barada hem maglumatlar gowşupdy.
Şol bir wagtda, polisiýa işgärleriniň bu hyzmatlardan peýdalanmakçy bolýan erkekleri duzaga saljak bolup, ýörite basyş edýändikleri hem bellenilýär.
“Men hem mesligime çydaman, bu işlere baş goşmadym. Men hem eklenmeli. Polisiýa birinji gezek tutanda, maňa hem jynsy, hem-de psihi taýdan basyş görkezdi. Meni zorladylar. Soňra-da, başga ýene toslama aýyplamalary ýöňkäp, türmä basjakdyklary bilen gorkuzyp, diýenlerini etmäge mejbur etdiler. Olaryň hilelerinden maňa düşýän paý ýok” diýip, efirde adynyň Aýlar diýip tutulmagyny soran 20 ýaşlarynyň aýagyndaky bir aýal maşgala habarçymyza gürrüň berdi.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şeýle-de polisiýanyň käbir işgärleriniň eden-etdilikleri baradaky maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden we onuň Lebapdaky bölüminden maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.
Galyberse-de, Azatlyk mundan ozal polisiýa işgärleriniň tenini satmak bilen meşgullanýan aýallary ilat arasynda maglumat toplap, şugulçylyk etdirýändigi barada hem maglumat beripdi.
Howpsuzlyk edaralary şugullary daşary ýurtlarda işleýän raýatlaryň Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryny hem-de halk içinde pikir-garaýyş beýan etmekde aktiwlik görkezýän raýatlary yzarlamakda ulanýarlar.
Degişli maglumat Hindi sudy adam söwdasynda aýyplanýan türkmenistanlynyň girew esasynda boşadylmak baradaky arzasyny ret etdiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.