ABŞ-nyň kiberhowpsuzlyk firmasyna edilen hüjüm Orsýetden görülýär

Bu kompaniýa Russiýa, Demirgazyk Koreýa we Eýran ýaly döwletler tarapyndan goldanylýan haker toparlaryny derňemekde öňdäki hatarda durýar.

Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri ýokary derejeli milli-döwlet hakerleriniň ogurlanan “gyzyl topar” gurallaryny üýtgedip, geljekde hökümete ýa-da senagat pudaklaryna garşy ulanyp biljekdigini aýdýarlar.

ABŞ-nyň tanymal kiberhowpsuzlyk firmasy "FireEye" ýakynda "dünýä derejesinde ussatlygy" bolan hakerler tarapyndan nyşana alnandygyny, bu hüjümiň milli-döwlet tarapyndan maliýeleşdirilendigine ynanýandygyny aýtdy.

"FireEye" kompaniýasynyň baş direktory Kewin Mandia 8-nji dekabrda ýazan blogunda hakerleriň öz toruna girendigini we müşderileriň howpsuzlygyny barlamak üçin ulanylýan gurallary ogurlandygyny aýtdy.

"Döwüp giren hüjümçi ilkinji nobatda belli-belli hökümet müşderileri bilen baglanyşykly maglumatlary gözledi" diýip, Mandia ol adamlaryň atlaryny agzaman ýazdy.

Blog ýazgysynda hüjümiň haçan ýüze çykarylandygy aýdylmady. Ýöne kompaniýanyň bu hüjümi FBI, Federal derňew býurosy bilen bilelikde derňeýändigi habar berildi.

Federal derňew býurosynyň kiber bölüminiň müdiriniň kömekçisi Matt Gorham hakerleriň “ýokary derejeli iş-başarnygynyň milli-döwlet derejesindäki ussatlyga laýyk gelýändigini” aýtdy.

Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri ýokary derejeli milli-döwlet hakerleriniň ogurlanan “gyzyl topar” gurallaryny üýtgedip, geljekde hökümete ýa-da senagat pudaklaryna garşy ulanyp biljekdigini aýdýarlar.

Kiberhowpsuzlyk jemgyýetiniň köp agzasy, şol sanda "Rendition Infosec" kiberhowpsuzlyk firmasynyň prezidenti Jeýk Williams hem bu hüjümi Orsýetden görýär.

"Men bu operasiýa barada bilýän zatlarymyz hakykatdanam rus döwlet aktýoryna mahsus diýen pikirde" diýip, Williams aýtdy.

"Müşderi maglumatlaryna girilendigine ýa däldigine garamazdan, bu Orsýet üçin barybir uly utuş bolup durýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kaliforniýada ýerleşýän “FireEye” firmasy bütin dünýädäki kompaniýalar we hökümetler tarapyndan olaryň hakerlerden goralyp-saklanmaklary üçin ulanylýar.

Bu kompaniýa döwlet tarapyndan goldanýan haker toparlaryny derňemekde öň hatarlarda durýar we Orsýetiň bir topar haker hüjüminde, şol sanda 2015 we 2016-njy ýyllarda Ukrainanyň energiýa toruna edilen hüjümlerde baş gahryman bolandygyny anyklamakda esasy roly oýnady.

Mandia bu hüjümiň arkasynda "ýokary derejeli hüjüm ukyby bolan bir döwlet dur" diýen netijä gelendigini aýtdy.

Hüjümçiler "geçmişde biziň ýa-da hyzmatdaşlarymyzyň duş gelmedik täze tehniki utgaşdyrmalaryny" ulanyp, "FireEye" firmasyny nyşana almak we oňa hüjüm etmek üçin dünýä derejesindäki tilsimleri işläp düzdi" diýip, blogda aýdylýar.

Bu döwüp girmegiň hakerler 2016-njy ýylda Milli howpsuzlyk gullugyndan (NSA) ogurlanan döwüş, ýagny hakerlik gurallaryny aýan edeli bäri ABŞ-nyň kiberhowpsuzlyk jemgyýetine urlan iň uly zarba bolandygy aýdylýar.