Türkmenistanyň dürli künjeklerinde barha köp adamyň koronawirus alamatlary bilen hassahanalara ýüz tutmagy netijesinde, ençeme keselhana näsaglaryň akymyna döz gelip bilmän täze hassalary kabul etmegini bes etdi. Şol bir wagtda, tassyklanan COVID-19 sebäpli ýogalanlaryň ölüm netijesinde – ‘pnewmaniýa’ diagnozy görezilip, jesetler milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerleriniň gözegçiligi astynda jaýlanýar. Bu maglumatlaryň arasynda, Türkmenistanda häzirki güne çenli hem koronawirusyň ýeke ýagdaýy resmi derejede hasaba alynmady.
“Lebabyň Dänew we Sakar etraplarynda soňky günlerde koronawirus has giň gerimde ýaýrap başlady. Etraplaryň hassahanalarynda boş ýer galmady. COVID-19 alamatlary bilen gelýänler indi Türkmenabadyň keselhanalaryna ugradylýar” diýip, dänewli lukmanlaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Emma onlarça kilometr ýoly söküp, öz hasabyna welaýatyň administratiw merkezine aşylan halatynda-da, keselhana ýerleşmek ähtimallyklary juda pes.
Degişli maglumat Aşgabatda mekdep okuwçylary COVID-19 bilen keselleýärler. It ýagy we üzärlik geçýän haryda öwrüldi“Türkmenabadyň öz keselhanalary hem näsaglara ýetişip bilmeýärler. Şäheriň ýokanç keseller hassahanasynda eýýäm boş ýer ýok, ähli palatalar doly. Bize ýüz tutýan, hat-da Tiz kömek ulagy bilen getirilýän hassalary hem şäher keselhanasyna ýollaýarys” diýip, Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň lukmanlarynyň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bellesek, ýuduň beýleki künjeklerinde hem hassahanalar, COVID-19 alamatly näsaglary kabul etmek mümkinçilikleriniň çäklenmegi bilen, karantine ýapylyp başladylar. Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, diňe geçen hepdäniň dowamynda Mary welaýatynda Marynyň we Sakarçägäniň ýokanç keseller boýunça hassahanalary täze näsaglary kabul etmegini bes edipdiler.
Bu sebäpli koronawirus alamaty hassalaryň öý şertlerinde, dürli milli emleri ulanyp bejergi almaga synanyşýandyklary, emma kähalatlarda munuň soňy bilen pajygaly netijeler bilen gutarýandygy bellenilýär.
“Hassahanalarda boş ýerleriň ýoklugy sebäpli, COVID-19 alamatly näsaglar öý şertlerinde bejergi almaga synanyşýarlar. Birinjiden, ýalňyş bejergi usulyýeti; ikinjiden, dermanhanalarda adaty dümewe garşy hem dermanlaryň köplenç tapdyrmaýandygy sebäpli adamlaryň dürli milli emleri ulanmagy – hassanyň janyny howp astyna salýar. Türkmenabadyň ‘Üç punkt’ atlandyrylýan sebitinde bu sebäpli ençeme adam öýünde jan berdi” diýip, türkmenabatly lukman gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, eger-de ýogalan adamda COVID-19 tassyklansa, ony şol günüň özünde gonamçylykda jaýlaýarlar.
Degişli maglumat Maryda polisiýa adamlardan maska düzgünini 'dogry berjaý etmegi' talap edýär“Jaýlanyşa milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gözegçilik edýärler. Jesedi gara plastik örtgä dolap berýärler we ony açmaga, adaty jynaza dessurlaryny berjaý etmäge hem rugsat bermeýärler” diýip, Türkmenabadyň gonamçylyklarynyň birinde jynaza çäresine gatnaşan raýatlaryň biri gürrüň berdi.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de onuň degişli ýerli edaralaryndan maglumat almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.
Bu aralykda, Türkmenistanyň Owganystanyň Akgine etrabynda gurup beren metjidiniň 4-nji dekabrda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşan türkmen mollalary we beýleki dini işgärleri yzyna dolanan badyna, 21 gün möhlet bilen Türkmenabadyň karantin zonasyna ýerleşdirildi.
Şol bir wagtda, Lebapda koronawirus bilen bagly täze ýagdaýlaryň köpelmegi bilen, ozal planlaşdyrylan Täze ýyl baýramçylyk çäreleri hem ýatyrylýar, Türkmenabatda Ruhyýet köşgüniň öňündäki baş arçadan galan ýerlerde dikilen arçalar aýrylýar.
Türkmenistanda koronawirusa täze ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada barha köpelýän maglumatlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda wirusyň bardygyny resmi derejede ykrar etmeýärler, tersine ondan “azatdygyny” öňe sürýärler.
Muňa garamazdan, türkmen hökümeti ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy.