Türkmen prezidenti ýene bir kitabyny köpçülige 'gyssagly' tanyşdyrmagy buýurdy

Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby

Türkmenistanyň prezidenti 4-nji dekabrda geçiren hökümet mejlisinde ýene-de bir kitabynyň çap bolandygyny yglan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrandygyny, onuň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna sowgat boljakdygyny aýtdy.

Awtoryň tassyklamagyna görä, “kitap ...halklary birleşdirýän ideýalaryň mizemez ähmiýetini ...açyp görkezýär”.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelenden soň, ýurtda iň öndümli işleýän we eserleri birbada dürli dillerde çap edilýän ýazyjy hökmünde tanaldy.

TDH-nyň maglumatyna görä, täze kitap gysga wagtda, has anygy 12-nji dekabrda bellenýän Bitaraplyk baýramyna çenli aralykda jemgyýetçilige hödürlener.

Tanyşdyryş çäreleri hökümet başlygynyň orunbasarlary R.Meredowa, M.Mämmedowa, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa tabşyryldy.

Döwlet eýeçiligindäki neşir prezidentiň öz kitaplaryndan alan galam hakynyň hasabyna sadaka berýändigini habar berýär, ýöne döwlet baştutanynyň döwlet neşirýatynda çap edilýän kitaplarynyň getirýän girdejisi hakynda hiç bir maglumat bermeýär.

Şol bir wagtda, bu kitaplaryň býujet işgärlerine mejbury-meýletin ýagdaýda satylmagy däbe öwrüldi diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan çap edilen kitaplar hem şeýle usulda satylypdy. Emma muňa garamazdan, neşirýatdaky çeşme ol kitaplaryň hemişe çykdajy bolandygyny, girdeji getirmändigini aýtdy.

Golaýda türkmen gazet-žurnallarynyň birnäçesi birikdirildi we bu çäräniň döwlet emlägini tygşytlamak üçin görlendigi bellenildi.

Türkmenistanda metbugat azatlygy diňe kagyz ýüzünde bolup, kitap ýazmak we çykarmak işi berk döwlet kontrollygynda saklanýandygy, Berdimuhamedowdan has öň tanalan onlarça ýazyjynyň tas otuz ýyl bäri hiç bir eserini çap etdirip bilmeýändigi habar berilýär.