Daşoguzda Western Union arkaly pul ibermek düzgüni ýene çäklendirildi

Illýustrasiýa suraty

Türkmen banklarynyň Daşoguzdaky şahamçalary ýurt raýatlarynyň daşary döwletlerde okaýan türkmen studentlerine Western Union pul geçirim hyzmatlary arkaly maliýe serişdesini ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň tassyklamagyna görä, bu çäklendirmä laýyklykda, her iki aýda bir gezek ibermäge rugsat berilýän maliýe serişdesiniň möçberi iki esse azaldyldy.

1-nji dekabrdan başlap “Türkmen-türk” paýdarlar we “Türkmenbaşy” täjirçilik banklarynyň Daşoguzdaky edaralary ene-atalara dollaryň resmi kursy esasynda her iki aýda bir gezek 100 amerikan dollary möçberinde pul ugratmaga rugsat berip başlady.

Degişli maglumat Türkmen banklary studentlere pul ibermek düzgünlerine täze çäklendirme girizdi

Bellesek, ozalky düzgüne laýyklykda, has takygy şu ýylyň başyndan noýabryň ahyryna çenli ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna Western Union arkaly her iki aýda 200 amerikan dollary möçberinde pul iberip bilýärdi. Bu serişdäniň 192 dollary studentlere geçirilse, 8 dollary bank hyzmatlary üçin saklanýardy. Geçen ýyl bolsa, bu mukdar her aýda 200 amerikan dollaryna barabardy.

Täze çäklendirmäniň, habarçymyzyň sözüne görä, banklaryň öz islegine görä amala aşyrylýandygy ýa-da bu barada Aşgabatdan buýrugyň bardygy entek belli däl. Sebäbi banklar bu baradaky ýazmaça buýrugy görkezmän, muny diňe dilden aýtmak bilen çäklenýärler.

Azatlyk Radiosy bu barada “Türkmen-türk” paýdarlar we “Türkmenbaşy” täjirçilik banklarynyň Daşoguzdaky şahamçalary we Aşgabatdaky baş edaralary bilen habarlaşyp, häzirlikçe goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri üçin Western Union arkaly ibermäge rugsat berilýän maliýe serişdesiniň möçberiniň azaldylandygy barada “Turkmen-news” neşiri hem habar berdi.

Neşir 3-nji dekabrda çap eden habarynda Aşgabatda we Maryda bu mukdaryň iki esse azaldylandygyny belläp, 1-nji dekabrdan başlap ene-atalaryň studentlere her aýda 200 dollar däl-de, 108 dollar iberip biljekdigini aýtdy.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri pula mätäçdigi barada arza ýazan studentleriň ýurtdan goýberilmejekdigini duýdurýar

“Komissiýany göz öňünde tutanymyzda, studentleriň eline düşýän mukdar 100 dollara barabar bolýar” diýlip, maglumatda bellenilýär.

Azatlyk Western Union arkaly näme sebäpden Daşoguzda her iki aýda, Aşgabatda we Maryda her aýda 100 dollar ibermäge rugsat berilýändigini häzirlikçe anyklap bilmedi. Bu barada ýurduň Merkezi we beýleki banklaryndan hem kommentariý alyp bolmady.

Mundanam başga, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, VISA we walýuta kartlaryndan her aýda nagtlaşdyryp bolýan maliýe serişdeleriniň möçberini hem wagtlaýyn çäklendirdi.

Degişli maglumat Bir hepdede gara bazarda manat 10% hümmetsizlendi, milli pula ‘ynam gaçýar’

Bu çäklendirmä laýyklykda, 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli daşary ýurtlardaky türkmen raýatlary VISA we walýuta kartlaryndan her aýda 90 dollar nagtlaşdyryp bilýärler. Öň bu mukdar degişlilikde 150 we 250 dollara barabardy.

Türkmenistanda indi dört ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurtda walýutanyň resmi bahasy bilen onuň gara bazardaky nyrhynyň arasynda uly aratapawut emele geldi.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň manada bolan resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklap gelýärkä, onuň gara bazardaky bahasy 8 esse ýokarlanyp, 4-nji dekabrda 28,60 manada ýetdi.

Häzirki wagtda ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna dollaryň resmi kursynda diňe türkmen banklary ýa-da Western Union arkaly çäkli möçberde pul iberip bilýärler. Ýöne türkmen häkimiýetleri ilatyň pul ibermek düzgünlerini hem yzygiderli çäklendirip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.