Türkmenistanda ‘media diňe prezidenti butlaşdyrmak we dolandyryjy gatlaga gulluk etmek üçin işleýär’

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň “media serişdeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň ogly, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar hem-de agtygy, Kerimguly .. bilen ýerine ýetirýän iş-pişelerini öwmek üçin bäsleşýär” diýip, türkmenistanly garaşsyz žurnalist aýdýar.

“Uruş we parahatçylyk maglumatlary instituty” 3-nji dekabrda türkmenistanly bir anonim awtoryň türkmen mediasyna beren synyny çap etdi.

Türkmenistanda “gazet-žurnallara Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Döwlet syrlaryny goramak komiteti tarapyndan gözegçilik edilýär” diýip, žurnalist aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, ýurtda ähli media serişdeleri maglumat çap etmek üçin bu komitetden rugsat almaly. “Ýogsa-da, gazet-žurnallary çap etmäge ygtyýary bolan ýeke-täk neşirýat, Döwlet neşirýat gullugy çap et düwmesine basmakdan ýüz öwürýär” diýip, žurnalist belleýär.

Degişli maglumat ABŞ-daky türkmen studenti: “Türkmenistanda syýasat totalitar”

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistan yzdaky orunlary eýeleýär.

Azatlyk Radiosynyň “Açyk söhbet” gepleşigi 3-nji dekabrda Türkmenistanyň media giňişligi we ýurtda söz-metbugat azatlygynyň gysylmagy barada Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem-de garaşsyz turkmen.news neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew bilen wideo söhbetdeşlik geçirdi.

Gepleşige gatnaşyjylar Türkmenistanda köpçülik habar serişdelerine edilýän berk döwlet gözegçiligini tankyt etdi.

Tuhbatullin türkmen mediasynda erkin söze ýol berilmeýändigini, onuň diňe döwlet propagandasyny wagyz etmek bilen meşgul bolýandygyny aýtdy. Mätiýew Türkmenistanyň döwlet mediasyny “basmagalyp” atlandyrdy we onuň mazmunyny “birsydyrgyn” häsiýetlendirdi.

Azatlyk Radiosy bu wideo söhbetdeşligi ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetirer.

“Birinji sahypada Berdimuhamedowyň aşa kebşirlenen suraty bolmazdan hiç bir gazet çap edilmeýär” diýip, türkmenistanly garaşsyz žurnalist “Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynda” anonim çap eden synynda aýdýar. Ol döwlet neşirleri barada käbir sanlary okyjylara hödürleýär.

Degişli maglumat "Galkynyş" "Watana", “Türkmen dili” “Mugallymlar gazetine” goşulyp, döwlet emlägini tygşytlar

Ýurt boýunça çap edilýän jemi 27 gazetiň ählisi döwlet eýeçiligindedir, diňe “Zaman Türkmenistan” gazeti hususy kompaniýa hökmünde hasaba alnypdyr. Bulardan 15 gazet Ministrler Kabineti tarapyndan esaslandyrylypdyr, galanlary ministrlikler, bileleşikler we welaýat häkimlikleri tarapyndan döredilipdir.

Makalanyň awtory Türkmenistanda hereket edýän habar saýtlaryna resmi däl görnüşde Milli howpsuzlyk ministrliginiň gözegçilik edýändigini aýdýar.

“Türkmenistanda üç sany döwlet habar saýty bar. Olaryň ikisi Döwlet habarlar agentligi tarapyndan esaslandyryldy, soňkusyna Döwlet neşirýat gullugy gözegçilik edýär” diýip, türkmenistanly anonim awtor aýdýar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanda söz we metbugat azatlygynyň depelenýändigini aýdýarlar. “Azatlyk öýi” guramasynyň hasabatlaryna görä, Türkmenistan internet azatlygy reýtinginde-de dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlary eýeleýär.

Türkmen häkimiýetleri Türkmenistan barada bitarap habarlary çap edýän garaşsyz habar saýtlaryny ýurduň içinde petikli saklaýar.

Türkmenistanyň “media pudagy diňe prezidenti butlaşdyrmak üçin we dolandyryjy gatlaga gulluk etmek üçin bar” diýip, ýerli žurnalist aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.