Owgan türkmenleri alnyp gaçylan dokuz ýaşly çaganyň tapylmagyny talap edýärler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazar-e Şerif şäherinde etniki türkmenler häkimiýetlerden zamun alnyp gaçylan ýaş oglanyň tapylmagyny we onuň azat edilmegini talap edip, eýýäm tapgyr ençeme gün bäri protest geçirýärler. Mundan bir aý töweregi ozal ýerli barly bir maşgalanyň çagasy, dokuz ýaşly Abduröwüs mekdebe barýarka näbelli ýaraglylar tarapyndan alnyp gaçylýar. Jenaýatçylar soňy bilen ýaş oglanyň ene-atasyna perzentleriniň dürli gynamalara sezewar edilşini görkezýän wideo ýazgylary ugradyp, olardan 1,5 million dollar möçberinde girew talap edýärler.