Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti Atambaýewiň türme tussaglygy baradaky karary ýatyrdy

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew.

Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti öňki prezident Almazbek Atambaýewiň türme tussaglygyna höküm edilmegini we munuň bilen bagly çykarylan karary ýatyrdy. Atambaýew tanymal jenaýat toparynyň lideri Aziz Batukaýewiň 2013-nji ýylda bikanun ýagdaýda boşadylmagyna gatnaşygy sebäpli iýun aýynda türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Atambaýewiň aklawçysy Zamir Jooşew 30-njy noýabrda giçlik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ýokary Kazyýetiň bu sud işine gaýtadan seredilmegi üçin ony Bişkekdäki Birinji Maý etrap kazyýetine ibermek barada karar çykarandygyny aýtdy. Kararyň sebäbi barada häzirlikçe maglumat berilmedi.

Awgust aýynda Bişkek şäher kazyýeti Atambaewiň 11 ýyl we iki aý azatlykdan mahrum edilmegi baradaky karary öz güýjünde galdyrypdy.

Atambaýew islendik düzgün bozmany amala aşyrmandygyny aýtdy.

2013-nji ýylda garaşylmadyk ýagdaýda türmeden boşadylan we derrew Gyrgyzystandan Russiýa giden Aziz Batukaýew birnäçe jenaýatda, şol sanda gyrgyz kanunçykaryjysynyň we Içeri işler ministrliginiň işgäriniň öldürilmegi bilen bagly höküm edilipdi.

Atambaýew, howpsuzlyk güýçleri bilen onuň tarapdarlarynyň arasynda iki gün dowam eden çaknyşygyň yzýany, özüni polisiýa tabşyrandan soň, 2019-njy ýylyň awgust aýynda tussag edildi.