Maryda koronawirus ýagdaýlary gürelýär, täze karantin döredilýär

Awtobusyň içindäki maskaly ýolagçylar

Türkmenistanda koronawirus alamatlary bilen barha köp raýatlaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň hem keselhanalara ýerleşdirilýändigi, ol sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň hem artýandygy barada maglumatlar gowuşýar. Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen bagly ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürseler-de, ýurtda täze karantin zolaklary esaslandyrylýar, keselhanalar karantine ýapylýar, maska režimine gözegçilik güýçlendirilýär. Şol bir wagtda, dermanhanalarda gerekli däri-dermanlaryň tapdyrmaýandygy sebäpli, raýatlar öýlerinde dürli emleri ulanyp berjegi almaga synanyşýarlar, bu hem olaryň saglyk ýagdaýynyň has hem ýaramazlaşmagyna getirýär.

Maryda diňe geçen hepdäniň dowamynda keselhanalarda COVID-19 alamatlary bilen azyndan 10 näsag heläk boldy, 100-den hem aşa adam, käbirleri juda agyr ýagdaýda ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirildi.

“Her gün azyndan 4-5 adam koronawirus alamatlary bilen keselhana ýüz tutýar. Adamlar adatça juda agyr ýagdaýda, ‘soňky deminde’ gelýärler. Keselhananyň özünde mümkinçilikleriň çäkli bolandygy, serişdeleriň ýetmezçilik edýändigi sebäpli olara gerekli hemaýaty bermek başartmaýar. Koronawirusdan ýogalanlaryň diagnozlary soňy bilen üýtgedilýär” diýip, Marynyň ýokanç keseller hassahanasynyň şepagat uýalarynyň biri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz koronawirus alamatly näsaglaryň aglabasynyň öýlerinde bejergi alýandygyna, emma muňa “başga çykalmaga tapman, alaçsyzlykdan” baş goşýandyklaryna hem ünsi çekýär.

“Ilki bilen keselhanalaryň özleri hyryn-dykyn, ol ýere kabul ediläýen ýagdaýyňda-da, dermanlaryňy özüň alyp gelmeli. Dermanhanalarda hem ýa gerekli derman ýok, ýa-da barjasynyň hem bahalary telim esse gymmatlady. Ol ýerde terminallar hem işlemeýär, elimizde nagt puluň ýoklugy sebäpli, dermanlary satyn alyp bilmeýäris. Şol sebäpli, öýde türkmen emlerine görä bejergi aljak bolýarys. Munuň özüňi aldamakdygynda gözümiz ýetýär” diýip, 40 ýaşlaryndaky ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmen polisiýasy üçin "maskasyzlary" tapmak boýunça gündelik plan artdyryldy

Bu aralykda, soňky günlerde keselhana lukmanlarynyň, işgärleriniň arasynda hem COVID-19 alamatly hassalaryň artýandygy bellenilýär.

“Türkmenabadyň şäher hassahanasynyň baş lukmanynda koronawirus tassyklandy. Mundan başga-da, şäheriň Köpugurly hassahanasynda koronawirus bilen kesellänlere gözegçilik edýän on töweregi lukmanda COVID-19 ýüze çykaryldy” diýip, türkmenabatly lukmanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Maryly saglyk işgärleri şeýle ýagdaýlaryň ýurduň günorta welaýatynda hem bardygyna ünsi çekip, muňa hökümetiň lukmanlary ýeterlik gorag serişdeleri bilen üpjün etmeýändiginiň sebäp bolýandygyny belleýärler.

“Gorag serişdeleri bilen tas üpjün edilmeýär. Maskalary özümiz satyn almaly. Indi lukmanlardan öz hasaplaryna bäş sany gorag lybasyny tikdirmek talap edilýär. Keselhananyň ençeme lukmany eýýäm bu ýerde näsag hökmünde bejergi alýar” diýip, Marynyň Ýokanç keseller hassahanasynyň lukmanlarynyň biri habarçymyza aýtdy.

Bu aralykda, gürrüňi gidýän hassahana, näsaglary kabul etmek mümkinçilikleriniň çäklenmegi bilen, karantine ýapyldy. Mundan beýläk, koronawirus alamatly näsaglary Sakarçägäniň ýokanç keseller hassahasyna ugratmak barada netijä gelindi.

Galyberse-de, koronawirus alamatly näsaglaryň artmagy bilen, Marynyň harby şäherçesinde täze karantin zolagy esaslandyrylýar.

“Harby şäherçedäki pilotlar üçin niýetlenen jaýlary ýokanç keseller hassahanasyna öwürjek bolýarlar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly saglyk resmisi Azatlygyň habarçyna maglumat berdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň saglyk ministriniň ýekşenbe güni Türkmenabada etmeli sapary näbelli sebäplere görä amala aşmady. Ýogsa, şol gün şäheriň hassahanalaryň ähli lukmanlary işe çykmaga mejbur edilipdi we birnäçe gün öňünden giň gerimli taýýarlyk işleri geçirilipdi.

Türkmen emeldarlary ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem ýokdugyny öňe sürseler-de, maska režimine gözegçiligi güýçlendirýärler.

Aşgabadyň ençeme mekdebinde maskasyz okuwçy ýüze çykarylsa, onda onuň ene-atasyna, synp ýolbaşçysyna, mugallymyna we mekdep müdirine hem 500 manat möçberinde jerime salynjakdygy duýduryldy.

Aşgabatly saglyk işgäriniň sözlerine görä, ýurduň güýç gulluklarynyň we ýokary derejeli emeldarlarynyň arasynda hem köpçülikleýin koronawirus ýagdaýlary ýüze çykarylypdyr.

Ýokarda aýdylanlar barada Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, şeýle-de onuň degişli ýerli edaralaryndan maglumat almak başartmady.

Degişli maglumat Türkmenistanyň wise-premýeri Şamuhammet Durdylyýew keselhana düşdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.