Türkmenabatda köçelere Täze ýyl bezegleri asylyp başlandy, arça üçin býujetçilerden pul toplanýar

Illýustrasiýa suraty

Täze ýyl baýramçylygy golaýlaýan pursaty, şu günler Lebapda oňa taýýarlyk işleri bat alýar. Häkimiýetler edara-kärhanalardan Täze ýyl arçasyny satyn almagy talap edýärler. Edara-kärhanalar arça satyn almak üçin hem-de ony dürli yşyklar we oýunjaklar bilen bezemek üçin her işgärden 20-30 manat töwereginde pul toplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Ol şu günler Türkmenabatda ähli edara-kärhanalaryň öňünde täze ýyl arçalarynyň gurnalyp başlanandygyny habar berýär. Welaýatyň Baş arçasy Türkmenabatda Ruhyyýet köşgüniň öňünde oturdylýar. Ýerli ýaşaýjylar bezeg işleri üçin penşenbe güni köşküň ýerleşýän köçesiniň baglanandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Lebapda býujet işgärlerinden Täze ýyl dabaralary üçin 30 manatdan ‘pul ýygnalýar’

“26-njy noýabrda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy, awtopatrullar Bitarap Türkmenistan köçesini petiklediler” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenabadyň şäher yşyklandyryş müdirliginiň işgärleri köçäniň ugrundaky ýagtylyk sütünlerine täze ýyl ýagtylyk bezeglerini asýar.

“Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky çyralara täze ýyl yşyklaryny asyp başladylar” diýip, bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Ähli edaralaryň öňünde täze ýyl arçalaryny gurnap başladylar” diýip, ol tassyklady.

Türkmenistanda häkimiýetler dürli maksatlar üçin ýygy-ýygydan býujet işgärlerinden pul çöpleýärler. Täze ýyl bezegleri üçin Lebapda edara-kärhanalaryň işgärlerinden bu ýyl 20-30 manat çöplenýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar býujet işgärlerinden toplanýan pullaryň olara goşmaça çykdajy bolýandygyny aýdýarlar.

Synçylar baýramçylyk çäreleriniň “göz üçin” geçirilýändigini, olaryň adamlaryň şatlyk-şowhunyna goşant goşmaýandygyny, “ýasamadygyny” aýdýarlar.

Bir ýerli býujet işgäri Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesinde alnyp barylýan bezeg işlerini Täze ýyl güni köçäniň ugrunda geçirilmegi planlaşdyrylýan köpçülik çäreleri bilen düşündirdi.

Degişli maglumat Aşgabatda Täze ýyl şowhuny az duýulýar, arçalar satylmaýar

Onuň sözlerine görä, Türkmenabadyň esasy köçesiniň ugrunda 2014-nji ýyldan bäri her ýyl mekdep okuwçylarynyň we býujet işgärleriniň gatnaşdyrylmagynda ýöriş geçirilýär we ýöriş Baş arçanyň çyralarynyň ýakylmagy bilen tamamlanýar.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar her ýyl Ruhyýet köşgüniň öňüne Baş arçanyň oturdylmagyna özleriniň biparh garaýandyklaryny, Täze ýyl gijesi häkimiýetleriň arçanyň töweregini garawullaýandygyny, onuň golaýyna adamlaryň barmagyna rugsat bermeýändiklerini aýdýarlar.

“Täze ýyl gijesi arçanyň 2 kilometr ýanyna baryp bolmaýar. Sebäbi şol gün döwlet telewideniýesinde Baş arçadan göni efirde teleköpri gurnalýar. Polisiýa işgäreleri 2 kilometr uzakdan yzyňa kowýarlar” diýip, bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Bu ýyl dünýä halklary täze 2021-nji ýyla koronawirus pandemiýasynyň kölegesinde gadam basar. Saglyk ekspertleri wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin köpçülik çärelerinden çetde durmagy maslahat berýärler.

Türkmenistanda koronawirusyň öňüni almaga gönükdirilen çäklendirmeleriň çäginde içerki demirýol we awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Ýöne şu wagta çenli döwlet guramaçylygynda geçirilýän köpçülik çäreleriniň köpüsi, açylyş dabaralary we beýlekiler üznüksiz dowam edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.