Bankomat nobatlary: 'Men sizden karz pul sorap gelemok, meniň daban azabymy beriň'

Illýustrasiýa suraty

26-njy noýabrda Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet we "Senagat" paýdarlar täjirçilik banklarynyň Mary şäherindäki edaralaryna baryp, bank kartlaryndaky aýlyklaryny nagtlaşdyrmak isleýän adamlaryň onlarçasy derwezeden içeri goýberilmedi. Olaryň ellerinde öz zähmet haklaryny 26-njy noýabrda nagtlaşdyryp bilýändigi barada banklar tarapyndan berlen talonlaryň bardygyna garamazdan, bank işgärleri olara puluň berilmejekdigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, adamlar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin ilki bank tarapyndan berlen talon arkaly nobat belleýär, talonyň ýüzünde onuň eýesiniň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmaly wagty ýazylýar.

Degişli maglumat Bankomat nobatyna garaşýan adamlar: “Gerek bolsa, şu bankomatyň öňünde ýatyp-turarys!”

Ýöne 26-njy noýabrda wagt berlen adamlar talonlary bilen agzalýan banklaryň öňüne baranlarynda, olar derwezeden iceri goýberilmedi.

"Senagat" bankyň öňündäki adamlar 30-dan geçende, bir bank işgäri daşary çykyp, adamlara bankomatlarda puluň bardygyny, ýöne onuň 3-4 aý bäri zähmet haklaryny hiç hili nagtlaşdyryp bilmeýän raýatlara beriljekdigini mälim etdi. Şeýle-de, ol talonly adamlara öýlerine gitmegi we indiki hepde banka gelip görmegi hem tabşyrdy.

Bank işgäriniň bu bildirişi mundan bir hepde ozal nobata durup, talon alan adamlarda nägilelikleri döretdi. Adamlaryň ençemesi, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, "Eger pul bar bolsa, onda biz näme üçin alyp bilemizok? Näme üçin indiki hepde gelmeli?" diýip gygyryşdylar.

"Adamlar "Indi hökümet bizi aldamagyny haçan goýarka? Biz nobata durup, talon alýarys. Soňra elimiz talonly ýene nobata durýarys. Sizem indiki hepde geliň diýýärsiňiz. Biz indiki hepde ýene nobata durup, talon almaly bolýarys. Menem edil siziňki ýaly çaga ekleýärin, men sizden karz pul sorap gelemok, meniň daban azabymy beriň" diýip öz nägileligini beýan etdiler" diýip, waka şaýat bolan maryly ýaşaýjylaryň bir anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Şondan soň bank işgäri içeri girýär we üç sany polisiýa işgäri çykyp, bankyň derwezesiniň öňündäki adamlary dargadýar. Bu wakadan soň adamlaryň käbiri, habarçymyzyň sözlerine görä, bank kartlaryndaky pullaryny ýangyç guýýan beketlerde nagtlaşdyrmaga mejbur boldular.

Degişli maglumat Bankomat nobatlarynda şikeslenen aýallar Lebabyň köp ugurly hassahanasyna eltildi

"Bu hyzmat üçin nagtlaşdyrýan pulumyň 10%-ni töledim. Mysal üçin, men 1000 manat nagtlaşdyrdym. Ýangyç guýýan bekediň işgäri onuň 100 manadyny özüne alyp galdy. Alaçsyz şu usuldan peýdalanmaly bolýarys. Sebäbi iki aýdan gowrak wagt bäri aýlygymy nagtlaşdyryp bilmeýärin" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet we "Senagat" paýdarlar täjirçilik banklarynyň Mary şäherindäki edaralaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda indi üç ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, ýurduň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi we munuň bilen bagly olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar.

Geçen aý Marydaky türkmen banklary nobatlary tertipleşdirmek maksatly bankomatlaryň öňünde nobata durmak üçin talon almak düzgünini girizdiler. Ýöne nobata durup talon alan adamlar hem, sanawda atlarynyň ýokdugy ýa-da beýleki bahanalar sebäpli, köplenç pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler.

Ýurt häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary, şol sanda bankomatlarda pul ýetmezçiligi ýaly meseleleri aç-açan boýun almaýar we bu barada resmi düşündiriş hem bermeýär.

Degişli maglumat Marynyň bir döwlet dükanynda çörek propiska görä satyldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.