Türkiýe bilelikdäki rus monitoring merkezi üçin Azerbaýjana goşun ibermegi tassyklady

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan (çepde) bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň suratlary görkezilen uly bildiriş tagtasy. (Arhiw suraty)

Türk parlamenti Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Russiýanyň araçylygynda gazanylan ylalaşyga gözegçilik etmek üçin goşun ibermek çözgüdini tassyklady.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjanda meýilleşdirilýän gözegçilik merkezine goşun ibermegi teklip edenden soň, parlament 17-nji noýabrda bu çözgüdi kabul etdi.

Türkiýe bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda alty hepde dowam eden çaknyşyklarda Azerbaýjany goldady we geçen hepde gözegçilik merkezini döretmek üçin Russiýa bilen memoranduma gol çekdi.

Çözgüt merkeze türk esgerleriniň we raýat goldawynyň iberilmegine bir ýyl ygtyýar berýär. Olar “Azerbaýjanyň kesgitlän ýerine” ugradylar.

Döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” agentligine görä, çözgütde gözegçilik merkezine bilelikdäki türk-rus goşunynyň iberilmegini Azerbaýjanyň haýyş edendigi nygtalýar. Şeýle-de, çözgüt iberiljek goşunyň we ýardamyň wagtyny we göwrümini kesgitlemekde Erdogana giň ygtyýar berýär.

Rus resmileri Ankaranyň gatyşygynyň gözegçilik merkeziniň Azerbaýjan topragyndaky işleri bilen çäklenjekdigini, türk parahatçylyk goraýjylarynyň Daglyk-Garabaga girmejekdigini aýtdylar.