Lebabyň administratiw merkezinde we Farapda häkimiýetler telekeçilerden ýetimler öýleri we mümkinçiligi çäkli çagalaryň mekdebi üçin mejbury haýyr-sahawat talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
13-14-nji noýabr günleri Türkmenabatda 15-nji noýabrda Farapda häkimiýet wekilleri ýerli telekeçiler bilen duşuşyk geçirip, olardan ýetimler öýünde we mümkinçiligi çäkli çagalar öýlerinde saklanýan çagalar üçin pandemiýa wagtynda ynsanperwer kömek sorady.
“Häkimlik resmileri Türkmenabatda we Farapda telekeçiler we gurply raýatlar bilen ýygnak geçirip, olardan Türkmenabatda ýerleşýän ýetimler öýüniň azyk, pul we derman üpjünçiligine kömek etmegi tabşyrdy” diýip, habarçy aýtdy.
Birnäçe faraply telekeçiniň ýygnakdan soň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, resmiler karantin döwründe ynsanperwer kömek bermegiň her bir lebaply baý adamyň “borjy” diýip düşündirdi we olaryň eden ýagşylyklaryny hasaba alýandyklaryny mälim etdi.
“Edilen ýagşylyklary hasaba alarys diýip, resmiler boş wada berdiler” diýip, bir faraply telekeçi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabatly meýletinçiler soňky 10 günüň dowamynda Lebaba iki tapgyr ynsanperwer ýardam ugratdyBeýleki tarapdan, türkmen resmileri Lebapda telekeçilerden soralýan haýyr-sahawat barada döwlet metbugat serişdelerinde çykyş etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet mediasy ýurduň ösüşlere beslenýändigini tekrarlaýar we ýetimler öýüniň azyk, derman we pul mätäçligi barada habar bermeýär.
Lebapda geçirilen ýygnaklarda-da häkimiýetler ýurduň başdan geçirýän ykdysady kynçylyklaryndan dil ýarmandyr.
“Resmiler azyk gytçylygy hakda, Türkmenistanyň ykdysady çökgünligi başdan geçirýändigi barada hiç bir söz aýtmandyrlar. Gaýta, “bedew bady bilen ösüşe barýarys” diýen mazmunda sözler aýdylyp, Arkadagy öwüpdirler” diýip, habarçy ýygnaga gatnaşan telekeçilere salgylanyp habar berdi.
“Eger hakykatdan hem ykdysadyýet ösýän bolsa, ýetimler öýünde we mümkinçiligi çäkli çagalar öýlerinde saklanýan 2 müň töweregi çaga azyk gytçylygyndan we derman ýetmezçiliginden kösenmezdi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Sapar diýip üýtgedilen lebaply telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçy häkimlik resmileriniň Lebapda telekeçilerden talap edýän haýyr-sahawatynyň, soraýan pullarynyň möçberi barada maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, resmiler her bir telekeçiden we gurply adamdan 20-30 müň manat möçberinde çagalar öýlerine “meýletin” haýyr-sahawat eçilmegi berk talap edýär. Olar bu serişdeleriň ýetimler öýleriniň azyk we derman üpjünçiligine sarp ediljekdigini aýdýarlar.
Habarçy telekeçilerden soralýan kömegiň diňe bir “haýyşdan” ybarat däldigini, bu talaby berjaý etmedik telekeçilere gytaklaýyn haýbat atylandygyny, sebäbi munuň telekeçileriň arasynda öz bizneslerine howp abanmak gorkusyny döredendigini habar berdi. Bu bolsa soralýan haýyr-sahawatyň meýletindigi ýa-da däldigi babatynda käbir soraglary döretdi.
Degişli maglumat Lebaply ene-atalar mümkinçiligi çäkli çagalaryny mekdebe ýerleşdirip bilmän kösenýärler“Telekeçiler soralýan puly tabşyrmadyk ýagdaýynda öz işlerinde we bizneslerinde uly problemalaryň döremeginden gorkup pul geçirdirler” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň maglumatlaryna görä, Lebapda häkimlik resmileri şeýle ýygnaklary öňümizdäki hepde býujet edaralarynda geçirmegi we olaryň her birinden 100 manat möçberinde pul ýygnamagy planlaşdyrýar.
Türkmenabatda we Farapda her bir gurply telekeçiden 20-30 müň manat möçberinde, döwlet edaralaryndan 100 manat möçberinde talap edilýän ynsanperwer ýardamlar Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň üç ýyldan gowrak wagt bäri ýitileşip dowam edýän wagtyna hem-de pandemiýa sebäpli ýurtda dürli çäklendirmeleriň saklanyp galýan wagtyna gabat gelýär.
Mundan ozal, türkmen häkimiýetler apreliň ahyrynda ýurduň gündogar sebitlerinde turan harasadyň yzýany, telekeçilerden Lebap we Mary welaýatynda dikeldiş işleri üçin haýyr-sahawat talap etdi.
Degişli maglumat Farapda resmiler pagta möwsümi üçin telekeçilerden we gurply adamlardan pul ýygnaýarSynçylara görä, Türkmenistanyň “Haýyr-sahawat işi hakyndaky” kanuny döwlet häkimiýet edaralaryna hem-de ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna haýyr-sahawat gaznalaryny esaslandyrmaga ýa-da oňa gatnaşmaga rugsat bermeýär, ýöne kanunçylyk meýletinlige we kanunylyga esaslanýan haýyr-sahawat işini goldaýar we kepillendirýär.
Ýurtda pandemiýa döwründe ýetim çagalara edilýän haýyr-sahawat, döwlet metbugatyna görä, döwlet baştutany derejesinde üns merkezine çekildi.
Döwlet telewideniýesine görä, prezident Berdimuhamedowyň özi geçen tomus balyk tutup, ýetim çagalary naharlady. Iýulyň ortalarynda döwlet telewideniýesi prezidenti ilki bir kölüň kenarynda ýüzi maskaly balyk tutýan görnüşde görkezdi, soňra onuň tutan balyklary bilen ene-atasyz çagalaryň naharlanyşyny görkezdi hem-de ýetim çagalaryň prezidente okaýan alkyşlaryny eşitdirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.