Pakistanyň yslamçylary hökümetiň beren wadasyndan soň Fransiýa protestini bes etdiler

Pakistanda fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň çykyşyna garşy şygarlary gygyryp, protest geçirýän adamlar. 2020-nji ýylyň, 30-njy oktýabry.

Pakistanyň hökümeti fransuz ilçisiniň ýurtdan çykarylmagyny ara alyp maslahatlaşmagy wada bereninden soň, 17-nji noýabrda yslamçy topar ýurduň paýtagty Yslamabada barýan ýoly petiklemegi bes etdi.

Oktýabr aýynyň aýagynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron käbir musulmanlar tarapyndan kemsidiji hasaplanýan karikaturalary çap etmek hukugyny gorandan soň, musulman ýurtlarynyň birnäçesinde Fransiýa garşy protestler başlandy.

“Tehreek-e-Labaik Pakistan” (TLP) toparynyň müňlerçe aktiwisti polisiýa bilen çaknyşdy we 15-nji noýabrda paýtagt Yslamabadyň esasy çatrygyny ele salyp, şähere girýän ýoly petikledi.

Proteste ýolbaşçylyk edýän radikal ruhany hökümeti Fransiýanyň Pakistandaky ilçisini ýurtdan çykarmaga we fransuz önümlerine resmi derejede boýkot yglan etmäge çagyrdy.

16-njy noýabrda giçlik Pakistanyň içeri we dini işler boýunça ministr protestleriň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirip, ýurduň parlamentiniň Fransiýanyň ilçisiniň ýurtdan çykarylmagy barada maslahat etjekdigini aýtdy.

Fransuz prezidenti Makronyň çykyşy, geçen aý Fransiýada mekdep mugallymynyň söz azatlygy sapagynda “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynda neşir edilen Muhammet pygamberiň karikaturalaryny görkezendigi üçin öldürilmeginiň yzýanyna gabat geldi.