Türkmenistanyň goşunyndaky komandirler harby gulluk möhleti dolan esgerleriň harby gullukdan wagtynda boşadylmagy üçin para soraýarlar. Ýurduň dürli künjeginde çagyryş boýunça harby gullugy geçip, öýlerine dolanan lebaply ýaşlar paranyň möçberiniň 1 müňden 3 müň manada çenli ýetýändigini aýdýarlar. Bu barada lebaply ýaşlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
"Häzir çagyryş boýunça harby gulluk borjuny tamamlan ýaşlar Farap etrabyna, öýlerine gelip başladylar. Olar harby gullugy tamamlan bolsa-da, öz wagtynda öýlerine gaýtmak üçin para bermeli bolupdyrlar. Para bermedik ýaşlar ýanwar aýynda öýlerine goýberilýär" diýip, gizlin işleýän lebaply habarçy aýtdy.
Degişli maglumat Lebaply ene-atalar: Çagalarymyzy gullukdaky sütemden goramak üçin para bermeli bolýarysHabarçy bu barada Ahal welaýatyndaky Gökdepe we Balkan welaýatyndaky Serdar harby bölümlerinde çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan ýaşlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.
"Öz wagtynda öýlerine gaýtmak isleýän esgerler komandirlerine para berip, harby biletlerini ellerine alyp bilýärler. Noýabr aýynyň 1-20-si aralygynda öýlerine gitmek isleýänler 3 müň, noýabryň 20-den dekabryň 1-i aralygynda boşamak isleýänler 2 müň manat para bermeli bolýarler. Ýanwardan öň öýlerine gaýtmak isleýänler 1 müň manat para bermeli" diýip, efirde adynyň aýdylmazlygyny soran faraply ýaşlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçy esgerleriň artykmaç bir aý edýän gullugynyň-da olaryň ene-atalary üçin uly çykdajy bolýandygyny aýdyp, köp raýatlaryň bu parany bermäge mejbur bolýandygyny hem belleýär.
"Esgerler kadaly iýmit we beýleki zerurlyklar bilen üpjün edilmeýär. Ene-atalar olaryň iýmit, maska, egin-eşik, diş pastasy, şampun we sabyn ýaly zerurlyklary üçin yzygiderli pul ibermeli bolýarlar. Şonuň üçin olar pul berip, çagalaryny wagtynda öýlerine getirenini makul hasaplaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda harby gulluk möhleti dolan esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýurt raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy dowam edýär. Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky permana 16-njy sentýabrda gol goýdy.
Permanda kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmalydygy aýdylýar.
Degişli maglumat Esger iýmitine ‘towugyň dyrnakly barmaklary goşulyp berilýär’Şeýle-de, onda çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan ýaşlary we beýleki erkek raýatlary 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluga çagyrmak kesgitlenýär.
Azatlygyň habarçysy şu günler diňe harby gullugyny tamamlan ýaşlaryň däl, eýse çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylýan raýatlaryň ene-atalarynyň hem para bermäge mejbur bolýandygyny aýdýar.
"Ene-atalar çagalaryny gullukdaky sütemden goramak üçin gowy we howpsuz hasaplanýan harby bölümlere ýerleşdirmäge synanyşýarlar. Olar munuň üçin para bermäge mejbur bolýarlar. Paranyň möçberi harby bölümiň il içindäki abraýyna görä üýtgeýär" diýip, habarçy aýtdy.
Faraply ene-atalaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, ogluňy Milli howpsuzlyk ministrligine degişli harby bölüme ýerleşdirjek bolsaň, tanşyňa ýa-da araça görä, 20 müň manat çemesi para bermeli bolýar.
"Iň arzan harby bölüm 5 müň manatdan başlanýar. Para bermeseň, çagaňy Guşga ýa-da beýleki howply serhetlere gulluga iberýärler" diýip, efirde adynyň aýdylmazlygyny soran lebaply ene habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlygyň habarçylary we ene-atalar Türkmenistanyň goşunlarynyň hatarlarynda agalyk, ýaş esgerleri kemsitmek, urup-ýençmek we ezmek, kähalatda öldürmek ýa-da öz janyna kast etmäge mejbur etmek ýagdaýlarynyň saklanyp galýandygyny aýdyp gelýärler.
Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden kommentariýa almak başartmady.
Transparency International guramasynyň korrupsiýa boýunça gecen ýyl ýaýradan hasabatynda Türkmenistan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionynda iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.
Degişli maglumat Türkmen goşunynda dört sagatlyk erkinlige çykjak esger üçin 200 manat para bermeliGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.