Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda maska režimine gözegçiligiň pugtalandyrylmagy bilen, polisiýa we gözegçilik edaralarynyň işgärleriniň maskasyz adamlara jerime ýazmak boýunça gündelik plan tabşyrygy hem güýçlendirildi. Şol bir wagtda, muny berjaý etmeli degişli gözegçileriň we polisiýa işgärlerleriniň arasynda bu talaba garşy nägilelikler artýar.
Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň maglumatyna görä, bu günler Türkmenabatda ýörite düzülen gözegçilik toparlary welaýatyň administratiw merkeziniň edaralaryna duýdansyz reýd geçirip, işgärleriň maska geýmek talabyny berjaý edişini barlaýarlar.
“Toparyň düzümine häkimligiň, polisiýanyň, şeýle-de sanitariýa we epidemiologiýa edarasynyň işgärleri girýär. Bu topar şäherde ulagda aýlanyp, jemgyýetçilik edarlaryna duýdansyz gelip, gorag maskasyny dakynmadyk adamlary gözleýär” diýip, habarçymyz anonimlik şertinde 11-nji noýabrda gürrüň berdi.
Degişli maglumat Ýene ýedi raýatyň koronawirus testi pozitiw netije görkezdi. Saglyk işgärlerine wada berlen goşmaça hak häzirki wagtda ‘tölenmeýär’Maskasyz ýa-da ony talaba laýyk dakynmadyklara şol ýeriň özünde jerime ýazylýar we iş wagtyndan soňra ýerli sanitariýa we epidemiologiýa edarasyna baryp ony tölemelidigi aýdylýar.
Mundan başga-da, Azatlygyň habarçysy döwlet edaralarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda ýüze çykarylan maskasyz adamlara salynýan jerimäniň, ýolda maska geýmän saklanan adamlara berilýän temmiden iki esseden hem ýokarydygyny belleýär.
“Köçede maskasyz saklanan adamlara 20 manat möçberinde jerime ýazylýar. Edarada, mekdepde maska dakynmadyklara 50 manat jerime töledilýär. Mundan başga-da, köçede, adatça, 10 manat para berip, resmi jerimäni tölemän bolýar. Emma reýd geçirýän topar edaralarda ýazylan jerimäniň resmi ýagdaýda, doly tölenmegine berk gözegçilik edýär” diýip habarçymyz gürrüň berdi.
Ol eýýäm birnäçe günden bäri Türkmenabadyň sanitariýa we epidemiologiýa edarasynda jerime tölemek üçin gündelik onlarça adamyň toplanýandygyny hem belledi.
Degişli maglumat Aşgabadyň mekdeplerinde maska režimine gözegçilikler güýçlendirildiBu aralykda, polisiýa işgärleri hem maskasyz adamlary ele salmak üçin tagallalaryny güýçlendirdiler.
“Polisiýa işgärleri garaşylmadyk ýerlerde, şol sanda bazarlaryň, dermanhanalaryň, hat-da köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň aralarynda bukyda oturyp, maskasyz adamlary ýüze çykarjak bolýarlar. Polisiýanyň ýörite awtobusda bazara gelip, reýd geçirýän pursatlary hem bolýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan habarçy gürrüň berdi.
Bu aralykda, Mary welaýatynda hem maskasyz adamlary ele salmak boýunça çäreler güýçlenip, indi her bir polisiýa ofiseriniň gapdaly bilen döwlet edarasyndan bir işgär we bir mugallym aýlanýar.
"Polisiýa işgärleriniň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, indi her gün polisiýa bilen ýene iki adam: bir döwlet edara işgäri we bir mugallym aýlanmaly edildi. Munuň üçin her gün her bir döwlet edarasy we mekdep özüniň üç işgärini bölüp bermeli" diýip, Azatlygyň Baýramalydaky habarçysy 11-nji noýabrda gürrüň berdi.
Ol edil Lebapda bolşy ýaly, Maryda hem maskasyz adamlary ýüze çykarmaly edilen gözegçileriň buky ýerlerde, şol sanda jaýlaryň arasynda hem gizlenip gözegçilik edýändikleirni aýtdy.
Galyberse-de, maskasyz adamlary ýüze çykarmak boýunça tagallalaryň güýçlenmegine, polisiýadan we beýleki degişli gözegçilik edaralaryndan gündelik jerime planynyň talap edilmeginiň hem sebäp bolýandygy aýdylýar.
Ýatlatsak, Azatlyk geçen aýyň aýagynda polisiýa işgärlerine günde azyndan maskasyz bir adama jerime ýazmak barada plan tabşyrygynyň berlendigi, muny başarmadyklaryň jerimäni öz hasabyna tölemeli edilendigi barada habar beripdi. Ýagdaýlardan habarly çeşmämiz häzir şeýle planyň Türkmenabadyň degişli gözegçilik edaralaryndan hem talap edilýändigini aýtdy.
Bu aralykda, ‘ýokardan berlendigi’ aýdylýan bu plany berjaý etmegini talap edilýän gözegçileriň arasynda bu babatynda nägilelikleriniň hem artýandygy bellenilýär.
“Polisiýa we beýleki gözegçiler günde maskasyz adamlary ýüze çykarjak bolup, dowamly şäherde aýlanmaly bolýandyklary bilen birlikde, ilatyň arasynda olara bolan garaýyşyň barha ýaramazlaşýandygyndan hem alada galýarlar. Polisiýa işgärleri plany doljak bolup, öz tanyş-bilişlerine hem jerime ýazmaly bolýandyklaryny, netijede özara gatnaşyklaryň bozulýandygyny hem gürrüň berdiler” diýip, ençeme polisiýa işgäri bilen söhbetdeş bolan türkmenabatly habarçymyz aýtdy.
Maryda bolsa, polisiýanyň ýany bilen aýlanmaly edilen edara işgärleriniň we mugallymlaryň aglabasynyň bu işe höwessiz çemeleşýändigi, adamlary 'awlamagy' özi üçin 'utanç bir iş' hasaplaýandyklary nygtalýar.
"Ýakynda köçedäki maskasyz bir adam, polisiýany görende, gaçyp jaýlaryň birine girdi. Polisiýa ýanyndaky býujet işgärlerine dessine şol adamyň yzyna düşüp, tutmagy teklip etdi. Emma olar 'beýtme, degme' diýip, bu ýagdaýy görmezlige saldylar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Azatlygyň ençeme synanyşyklaryna garamazdan, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda, Mary, Lebap häkimliklerinden, şeýle-de sebitleriň degişli polisiýa we epidemiologiýa edaralaryndan kommentariýa alyp bolmady.
Degişli maglumat Lebapda eklenç aladasy ilaty öz ganyny satmaga mejbur edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.