Türkmenistan hasyl baýramyny Aşgabadyň at aýlawynda baýramçylyk konserti we toý dabaralary bilen belledi.
Baýramçylyk dabaralaryna hökümet resmileri, Mejlisiň agzalary, paýtagtyň we welaýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylmy, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de student ýaşlar gatnaşypdyr.
Resmi maglumatlarda şu ýyl ýurtda pagtanyň "baý hasylynyň" ýygnalandygy, gallaçylaryň "ajaýyp zähmet ýeňşini" gazanandygy habar berildi, emma hasylyň möçberini görkezýän takyk sanlar berilmedi.
Hasyl baýramy her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenýär.
Türkmenistanda köpçüligiň gatnaşmagynda bellenen şu ýylky baýramçylyk COVID-19 pandemiýasynyň döwründe we keselçilik derejesiniň tutuş dünýäde möwjeýän pursadynda geçirildi.
Türkmenistan resmi taýdan öz territoriýasynda koronawirusly ýagdaýlary hasaba almandygyny aýdýan hem bolsa, ilatdan maska dakynmagy, sosial distansiýany saklamagy talap etmek ýaly çäklendirmeleriň ençemesini girizdi. Ilatyň ýurduň içinde hereket etmek mümkinçiligini çäklendirdi.
Pandemiýa döwründe toý-dabaralary geçirýän türkmen häkimiýetleri koronawirus çäklendirmeleriniň ilat tarapyndan berjaý edilmegine gözegçiligi soňky günlerde hasam pugtalandyrdy.