Hereket çäklendirmeleriniň arasynda Farabyň ýaşaýjylary Ahal welaýatyna pagta ýygmaga ugradylýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Resmi metbugat ýurduň pagta plan borçnamasynyň üstünlik berjaý edilendigini habar berýän wagty, hem-de ýurtda welaýatlaryň arasynda pandemiýa sebäpli girizilen hereket çäklendirmeleri saklanyp galýan mahaly, häkimiýetler Lebabyň Farap etrabynyň ýaşaýjylaryny ýygym üçin Ahal welaýatynyň gowaça meýdanlaryna çekýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy noýabrda habar berdi.