Baýden ýeňiş çykyşynda agzybirlige ünsi çekdi

Jo Baýden ilkinji nobatda COVID-19 pandemiýasyny kontrol astyna almak ugrunda iş alyp barjakdygyny aýtdy.

Jo Baýdeniň dört güne çeken sesleri sanamak işleriniň netijesinde 7-nji noýabrda Pennsilwaniýa ştatynda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanandygy mälim bolandan soňra, ol özüniň ilkinji ýeňiş çykyşynda milletiň ruhuny dikeltmek we ýurdy jebisleşdirmek ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Baýden adamlaryň öz garaýyşlaryny äşgär edendiklerini, şeýle-de “açyk ýeňiş, ykjam ýeňiş” berendiklerini aýtdy.

Jo Baýden bu barada öziniň Delaware ştatynyň Wilmington şäherindäki öýüniň golaýynda toplanan tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.

Baýden ilkinji nobatda COVID-19-y kontrol astyna almak ugrunda iş alyp barjakdygyny, şeýle-de pandemiýany yza tesdirmek ugrunda “hiç bir tagallany gaýgyrmajakdygyny” belledi.

Baýdeni onuň saýlaw boýunça ýarany, senator Kamala Harris yglan etdi. Ol ses berijileriň “Amerika üçin täze bir güni başladandyklaryny” belläp, Baýdeni “şypa beriji” atlandyrdy.

Baýden möhüm ştatlarda sesleri sanamak işleriniň dowam edýän pursady, 7-nji noýabrda ýeňiji yglan edildi.

Prezident Donald Tramp ýeňlişini boýun almakdan ýüz öwürdi. Ol saýlawlaryň “entek tamamlanardan has bärdedigini” aýdyp beýanat ýaýratdy. Tramp sesleriň täzeden sanalmagyny talap etjekdigini we ýuridiki arz-şikaýat bilen ýüz tutjakdygyny belledi.