Ýewropada keselhana ýetmezçilik edýär, ölenleriň sany 300 000-e ýetýär

Tiz kömek gullugynyň işgärleri, COVID-19 hassahanasy. Brussel, 28-nji oktýabr, 2020.

Ýewropada COVID-19-dan ölenleriň sany 300 000-den geçdi. Orsýetden başlap Italiýa çenli dürli ýurtlar keseliň ýokaşmagyna degişli gündelik sanlaryny hasaba alýarlar we komendant sagady we kärhana-edaralary ýapmak ýaly çäklendirmeleriň ikinji tapgyryny başdan geçirýärler.

Bu aralykda, Bütindünýä saglyk guramasy 6-njy noýabrda koronawirus keseliniň global derejede bir günlük iň ýokary sanyny hasaba aldy. AFP agentliginiň habaryna görä, Ýewropada wirusdan 300,688 adam öldi, bu ölümleriň üçden iki bölegi Britaniýa, Italiýa, Fransiýa, Ispaniýa we Orsýete degişli.

Ýokanç infeksiýanyň derejesi tutuş kontinentdäki hassahanalaryň işini kynlaşdyrýar we ölüm derejesiniň has ýokary boljagyny görkezýär.

Germaniýanyň saglygy saklaýyş ministri soňky 10 günüň içinde reanimasiýa bölümlerinde COVID-19 hassalarynyň iki esse köpelendigini duýdurdy.

Fransiýada reanimasiýadaky ýerleriň 85%-den gowragyny COVID-19 hassalary eýeleýär, olaryň sany 4000-den geçýär. 30 000 töweregi adam keselhana ýerleşdirildi.

Polşa 6-njy noýabrda 27 100 adamyň koronawirus bilen keselländigini we 445 adamyň ölendigini hasaba aldy. Hassalar ilkinji gezek Warşawanyň milli stadionynda döredilen wagtlaýyn meýdan hassahanasyna getirildi.

Orsýetde ýagdaý ýaramazlaşýar, koronawirus bilen kesellänleriň sany 1,7 milliona ýetip, dünýäde dördünji orunda durýar. 6-njy noýabrda günüň dowamynda koronawirus ýokaşan adamlaryň täze sany 20 000 adamdan geçdi.