ABŞ-nyň saýlawlar üçin möhüm ştatlarynda ses sanamak işleri dowam edýän wagty, dartgynlylyk ýokarlanýar

ABŞ-da saýlaw işgärleri poçta arkaly iberilen sesleri sanaýar. 4-nji noýabr, 2020 ý. Günbatar Çester, Pensilwaniýa

ABŞ-nyň saýlawlar üçin birnäçe möhüm ştatynda ses býulletenlerini sanamak işleri dowam edýän mahaly, ýurt boýunça dartgynlylyk ýokarlanýar. Ses berişlik tamamlanandan 24 sagatdan gowrak wagt soň netijeler heniz hem mälim däldi.

5-nji noýabrda irden demokrat Jo Baýdeniň Miçigan we Wiskonsinde esasy ýeňiş gazanjakdygy çaklanylandan soň, ol prezident Donald Trampdan öňe geçdi.

Dört möhüm ştatda – Arizonada, Jorjiýada, Pensilwaniýada we Newadada ses sanamak işleri gije dowam etdi, munuň dowamynda öňde barýan Baýdeniň elektoral sesleri 253, prezident Donald Trampyňky 214 galdy.

Arizonada we Newadada gazanyljak ýeňiş Baýdene Ak tam üçin zerur bolan 270 sesi getirip biler. Sesleri sanalýan ştatlaryň hatarynda bu iki ştata ýakyndan syn edilýär.

Prezident ses berişlikde we ses býulletenleriniň sanalmagynda uly problemalaryň bardygyny delilsiz aýdyp, respublikanlar saýlawlar boýunça birnäçe ştatda şikaýat arzalary bilen ýüz tutýan mahaly, onlarça gaharly Tramp goldawçysy Detroitde we Feniksde ses sanalýan merkezlere ýygnandy.

Bu aralykda, Trampa garşy müňlerçe protestçi heniz netijesi belli bolmadyk saýlawlarda saýlaw işgärleriniň ses sanamak işlerini tamamlamagyny talap edip, ABŞ-nyň şäherlerinde köçelere çykdy.

Baýdeniň Miçiganda we Wiskonsinde gazanan ýeňişleri 2016-njy ýylyň saýlawlarynda bu ştatlaryň ikisinde-de ýeňiş gazanan Trampyň mümkinçiliklerini azaltdy.