Aşgabatdaky rus ilçihanasy tölegsiz rus dili kurslary barada bildiriş yglan etdi

Illýustrasiýa suraty.

Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň orta mekdeplerinde rus dilli klaslary ýapýandygy barada berilýän habarlaryň fonunda, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tölegsiz onlaýn rus dili kurslary barada habar berdi.

Habara görä, Russiýanyň Altaý döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň Rus dili boýunça Sibir açyk bilim merkezi 20-nji noýabr – 15-nji dekabr aralygynda Internet arkaly rus dilinde tölegsiz kurs hödürleýär.

Dil kurslary esasan daşary ýurt abiturientlerine niýetlenip, onda häzirki zaman rus edebi diliniň normalary, orfografiýa we punkutasiýa, şeýle-de rus diliniň grammatikasy öwrediler.

Bildiriş hususan-da orta mekdepleriň 10-11-nji klas okuwçylaryny dil kurslaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň dil kurslary baradaky bildirişi Türkmenistanda häkimiýetleriň ýurduň orta mekdeplerinde rus dilli klaslary ýapýandygy barada berilýän habarlaryň fonuna gabat gelýär.

Sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda we ýurduň regionlarynda türkmen häkimiýetleriniň mekdeplerde rus dilli klaslary ýapmak tejribeleriniň ýaýbaňlanýandygyny habar berdi.

15-nji sentýabrda Russiýanyň Daşary işler ministrligi beýanat çap edip, ýurduň mekdeplerinde rus dilli klaslaryň ýapylmagy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden düşündiriş sorandygyny mälim etdi.

Türkmen häkimiýetleri bu mesele boýunça heniz resmi beýanat bermedi.