Türkmenistan koronawirus keseliniň ýurtda bardygyny inkär edýän hem bolsa, koronawirus keseli bilen baglanyşykly girizen çäklendirmelerini gitdigiçe pugtalandyrmagyny dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, şu günler ilat köpçüligi ýurduň içinde hereket etmek üçin hökmany bolan resminamalary almak üçin zerur bolan koronawirus testlerinden geçip bilmeýär. Indi testden geçmek we syýahat resminamasyny almak isleýänlerden "esasly bir sebäp" talap edilýär.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary raýatlaryň COVID-19 testden geçmekdäki kynçylygynyň geçen hepdäniň ahyrynda başlanandygyny aýdýarlar.
"Şu gün Sanitariýa epidemiologiýa gullugy Türkmenistanyň dürli şäherlerinde ýüz tutýan adamlary Aşgabat şäherine gitmek üçin zerur koronawirus synagyndan geçirmekden ýüz öwürdi. Şu günden başlap 1-nji ýanwara çenli ýurduň içinde syýahat etmek üçin esasly bir sebäp talap edilýär, ýagny işe çagyryş haty, iş sapary, hassahanadan telegramma we ş.m. zatlar talap edilýär" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 31-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Habarçylaryň sözlerine görä, täze talaplar sebäpli paýtagtda işleýän welaýatly ýaşaýjylaryň ençemesi Aşgabada barmak mümkinçiliginden mahrum boldy, uçar biletlerini köýdürenler hem bar. Bu ýagdaý Daşoguzda, Maryda we Türkmenabatda bolup geçýär.
Degişli maglumat Häkimiýetlere hereket gözegçiligi 'gaýgy', sebitleriň ilatyna - güzeranHäkimiýetler täze talaby dilden aýdýarlar, sebäplerini düşündirmeýärler, her bir ýüz tutan adamyň ýagdaýyna aýratyn seredýärler.
"Ýörite döredilen komissiýa her bir adamyň sapar etmegine rugsat bermek ýa-da gadagan etmek üçin esasly sebäbiň bardygyny ýa-da ýokdugyny kesgitleýär. Bu dilden aýdylýar" -diýip, habarçymyz komissiýa polisiýanyň, migrasiýa gullugynyň, häkimligiň we Sanitariýa epidemiologiýa gullugynyň, şeýle-de Saglygy saklaýyş ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleriniň girýändigini belleýär.
"Esasly bir sebäp" talaby diňe paýtagta barýan welaýat ýaşaýjylary däl, eýsem welaýatlaryň arasynda hereket etmek isleýän adamlar babatynda hem ulanylýar.
"Düýn howpsuzlyk işgärleriniň umumy ýygnagy geçirildi, diňe bir welaýatlardan Aşgabat şäherine däl, eýsem welaýatlaryň arasyndaky hereketi çäklendirmek barada karara gelindi" diýip, habarçymyz 31-nji oktýabrda aýtdy.
Ilatyň hereket mümkinçiliklerini çäklendirýän bu talap 29-njy oktýabrda köpçülikleýin öňe sürlüp başlandy, ýöne häkimiýetler koronawirus barlaglaryna we syýahat üçin zerur resminamalaryň berilmegine täze çäklendirmeleriň girizilmegini henizem ýazmaça görnüşde delillendirmedi.
Bir hepde öň Azatlyga türkmen hökümetiniň karantin çärelerini has-da güýçlendirmek planlary mälim boldy. Çeşmelerimiz, hususan-da, 1-nji noýabrdan häkimiýetleriň içerki uçuşlary togtadyp, sebitleriň arasyndaky hereketi düýbünden ýapyp we hususy köpçülikleýin çäreleri gadagan edip biljekdigini habar berdiler.
Ýurduň içindäki hereket çäklendirmeleri şu ýylyň mart aýynda COVID-19 global pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilipdi. Ýurduň ýaşaýjylaryndan koronawirusyň ýoklugy barada resminama talap edilip başlanypdy. Koronawirus çäklendirmeleri otly we awtobus gatnawyna täsir ýetiripdi, şeýle-de raýatlaryň şahsy ulaglary bilen gatnamagyna böwet döredipdi. Welaýatlaryň arasyndaky köp awtoulag ýollary ýapyldy. Häzirki wagtda bir welaýatdan beýlekisine esasan uçar arkaly baryp bolýar.
Degişli maglumat COVID-19: Gatnaw çäklendirmeleri 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy. Lebapda ilatyň pagta çekilmegi 'ýatyrylýar'Türkmenistan, koronawirusa mahsus alamatlary bilen geçýän we ölüme sebäp bolýan keseliň ýaýramagynyň dowam edýändigine garamazdan, ýurtda COVID-19 keseli bilen kesellän ýekeje adamy hasaba almandygyny öňe sürýär. Häkimiýetler öz çäklendiriji çärelerini "ýiti ýokanç keselleriň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak" tagallalary bilen düşündirýärler.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda COVID-19 alamatlary bilen geçýän keseliň dowam edýändigi, şeýle hem koronawirus bilen kesellänler barada habar berip gelýärler.
"Kesel bar, ýöne ähli syrkawlara pnewmoniýa diagnozy goýulýar. Pnewmoniýa diagnozy bilen kesellän hassalar ýokanç keseller hassahanasyna ýerleşdirilýär. Köpugurly keselhanadaky köp näsaglar ýokanç keseller hassahanasyna geçirildi" diýip, Lebap welaýatyndaky habarçymyz 1-nji noýabrda habar berdi.
Türkmenistanyň gündogar welaýatynda şu günler maska geýmek düzgüniniň berjaý edilişine gözegçilik artýar. Ýerli polisiýa işgärleri döwlete degişli we hususy awtobuslardaky ýolagçylary we awtobus duralgalarynda duran raýatlary maskalary geýmezlik sebäpli tussag edýär. Düzgün bozujylar polisiýa bölümlerine äkidilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny ýurda getirmegini dowam etdirýär. Ýaňy-ýakynda Tatarstanyň paýtagty Gazandan uçar bilen getirilen 274 türkmenistanlynyň 230-synyň ýerli karantin lagerinde, ýene 44 adamyň şäher keselhanasynda ýerleşdirilendigini ýerli habarçymyz gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.