Sowetleşme türkmen durmuşyna nähili täsir ýetirdi?

Illýustrasiýa suraty.

27-nji oktýabrda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilmegine 96 ýyl boldy. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan Sowuz Soýuzyndan bölünip, özbaşdak garaşsyz Türkmenistany berkarar etdi.

1924-nji ýylyň 27-nji oktýabr güni SSSR Merkezi Komitetiniň II sessiýasynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasyny (TSSR) döretmek hakynda karar kabul edildi. Munuň bilen “türkmen taýpalarynyň bitewi milli döwlete birleşmek arzuwy hasyl boldy” diýip, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda çapa taýýarlanan bir taryh kitabynda aýdylýar.

Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistan SSR-niň düzümine 500 müň adam ilaty bolan türkmen oblasty, Horezm we Buhara respublikalarynyň düzümindäki türkmen oblastlary girizildi. Bu hasapdan çen tutulsa, täze esaslandyrylan Türkmenistan SSR-inde 1,100,000 töweregi ilat bardy. Dolandyryş-çäk taýdan TSSR 5 okruga bölündi. Aşgabat şäheri respublikanyň paýtagty boldy.

Ýene 4 ýyldan respublikanyň döredilmegine 100 ýyl dolýar. Ýakyn taryhda Sowet Soýuzyna tas 70 ýyl dowam eden tabynlyk türkmen durmuşyna nähili täsir ýetirdi? Sowetleşme türkmeniň ruhy dünýäsine, gözýetimine, ýaşaýyş medeniýetine nähili täsir etdi, onuň maddy durmuşyny nä dereje özgertdi?

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda şeýle soraglaryň töwereginde ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Sowetleşme türkmen durmuşyna nähili täsir ýetirdi?