Türkmenistanda döwlet serişdeleriniň hasabyna gurlan we uly üstünlik hökmünde görkezilen desgalaryň dabaraly açylmagy we öň şeýle dabara bilen açylan desgalaryň gümürtik ýagdaýda, metbugatda bahalary aýdylman satylmagy dowam etdirilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu hepde täze desgalaryň birnäçesiniň dabaraly açylyşyna gatnaşdy; Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli, ekilmeli bag nahallarynyň sanyny 10 million bolanlygyndan 25 million düýbe ýetirmek baradaky karara gol çekdi.
Goşmaça ekilmeli edilen baglaryň 7,5 milliony Aşgabat töwereginde, galany sebitlerde ekilmeli.
Şol bir wagtda, Awtoulag kärhanalar toplumynyň açylmagynyň we bu topluma täze satyn alnan awtoulaglaryň "sowgat berilmeginiň" öň ýanynda, prezident ozal döwlet serişdesine gurlan köp gatly awtoduralgalaryň dokuz sanysyny, ýene bir guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak, ýagny Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna satmak kararyna geldi.
Türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda onlarça awtoduralga gurup, awtoulaglaryň çem gelen ýerde, hatda hususy jaýlaryň howlularynda hem goýulmagynyň garşysyna uly göreş alyp bardy, şol bir wagtda döwlet awtoduralgalarynda goýulýan maşynlaryň töleginiň köplenç olara gizlin eýeçilik edýän wezipeli adamlaryň jübüsine gidýär diýen maglumatlar gelip gowuşdy.
Ýöne Azatlyk bu maglumatlary resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi.
Degişli maglumat Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistan transport pudagyny hususylaşdyrýarTSTB mundan öňem berjek girdejisi nazara alynman ýa ýeterlik hasaplanman gurlan döwlet desgalarynyň, kärhanalaryň onlarçasyny satyn aldy we ýerli synçylar prezidentiň awtoduralgalary satmak kararynyň bir topar adamyň iş ornuny ýitirmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar.
Döwlet baştutany 30-njy oktýabrda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyşyna gatnaşdy, "Jahan" döredijilik merkeziniň açylyşyna gatnaşyjylara gutlag hatyny çap etdi.
28-nji oktýabrda Aşgabatda, prezidentiň gatnaşmagynda S.Nyýazow we S.Türkmenbaşy şaýollarynyň çatrygynda gurlan ýerasty geçelge we S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda gurlan kaşaň “Diwan” myhmanhanasy ulanylmaga berildi.
TDH geçelgäniň üstünde boýy we ini 16 metre barabar kub görnüşli “Mahabat” binasynyň oturdylandygyny, ondaky wideoekranlarda dürli mahabatlaryň we maglumatlaryň görkeziljekdigini aýdýar.
“Jahan” döredijilik merkezi bolsa, neşiriň ýazmagyna görä, sungatyň dürli ugurlary bilen gyzyklanýanlaryň tebigy zehin-başarnyklaryny açmagy, döredijiligini has-da kämilleşdirmegi, döwrebap eserleri döretmekleri üçin zerur şertleri üpjün edýär.
Döwlet habar serişdeleri bu desgalaryň bahasy barada hiç bir zat aýtmaýar.
Degişli maglumat Berdimuhamedow gymmatbaha gurluşyklary 'doly güýjünde' dowam etdirýärTürkmenistanda ýüz millionlarça dollara gurulýan uly desgalar, myhmanhanalar we mejlis, sport zallary köplenç boş durýar, olary saklamak uly çykdaja öwrülýär diýip, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi aýdýar.
Täze açylan “Diwan” myhmanhanasyny guran “Rönesans Holding” Aşgabatda “Garagum” hem-de “Nusaý” myhmanhanalarynyň gurluşygyna-da gatnaşýar. “Myhmansyz şäherde munça myhmanhana nämä gerek? Muny prezidentiň özünden başga hiç kim bilmeýär” diýip, hökümetdäki çeşme resmileriň bu mesele boýunça gürrüň etmekden gaça durýandyklaryny hem sözüne goşdy. Türkmen hökümetine ýakyn çeşme ozal bu iki myhmanhananyň döwlet gaznasyna 500 million amerikan dollaryndan gowrak serişdä düşjekdigini aýdypdy.
Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň 'gapjygy' diýlip tanalan A.Dadaýewiň indiki derejesi 'tussag' hem bolup bilerTäze açylan desgalar prezidentiň, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmek we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almak barada beren tabşyrygyny ilki özüniň bozýandygyny görkezýär diýip, anonimlik şertinde gürleşen telekeçi aýtdy.
28-nji we 30-njy oktýabrda bolan açylyş dabaralarynyň aralygynda, 29-njy oktýabrda gol çekilen kararda bolsa, Aşgabat şäher häkimliginiň 9 sany köp gatly awtoduralgasynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumynyň satylmalydygy aýdylýar.
Kararda bellenmegine görä, bu desgalar “işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde”, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrylmaly.
Degişli maglumat Türkmen aktiwistleri ABŞ-da çykyş edip, Türkmenistana we ýurtdaky problemalara ünsi çekýärlerDöwlet baştutany hususylaşdyrylmaly desgalaryň sanawyny 16-njy oktýabrda tassyklady, emma ol sanaw metbugatda çap edilmedi we, adatça bolşy ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen hökümetiň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň nobatdaky “syryna” öwrüldi diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belledi.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, ýurtda hususylaşdyrylýan kärhanalar iş orunlarynyň dowamly gysgaldylmagyna, işsizligiň has-da ösmegine alyp gelýär, sebäbi kärhanalaryň täze eýeleri çykdajylary azaltmak üçin artyk hasaplan iş orunlaryny ýapýar we işini ýitiren adamlar häzirki agyr şertlerde goragsyz galýar.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistan ýurtdaky ykdysady kynçylyklary boýun almaýar, şol sanda işsizligiň derejesiniň ýokarydygy barada çykýan maglumatlara reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.