Gyrgyz oppozisiýa syýasatçysy Adahan Madumarow prezident bolmak islegini yglan etdi

Adahan Madumarow. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň oppozisiýadaky “Butun Gyrgyzystan” (Birleşen Gyrgyzystan) partiýasynyň lideri Adahan Madumarow 10-njy ýanwarda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýändigini aýtdy.

Madumarowyň 30-njy oktýabrda yglan eden plany wagtlaýyn prezident Sadyr Žaparowyň prezidentlige dalaş etjegini açyk aýtmagynyň bäş gün soňundan aýan edildi.

55 ýaşly Madumarow Žapowy aç-açan tankytlap, onuň kanunylygyna şübhelenýän az sanly gyrgyz syýasatçylarynyň biri bolup durýar.

51 ýaşly Žaparow 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy geçirilen köpçülikleýin protestler hökümetiň synmagyna we prezident Sooronbaý Jeenbekowyň işinden aýrylmagyna getirenden soň, kanun çykaryjylar tarapyndan premýer-ministr wezipesine hödürlendi.

Bu merkezi aziýa ýurdunda 2005-nji ýyldan bäri döwlet ýolbaşçysynyň häkimiýetden çetleşdirilmegine getiren üçünji halk gozgalaňy boldy.

Jeenbekow oktýabr aýynyň ortalarynda işinden aýrylandan soň, parlament halk gozgalaňy arasynda Bişkek türmesinden boşadylan Žaparowa prezident ygtyýarlyklaryny berdi. Ol ozal adam alyp gaçmak aýyplamasy bilen uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Žaparow saýlaw düzgünlerini üýtgetmek üçin konstitusiýa üýtgetmelerini girizmegi teklip etdi. Şeýle-de, ol 20-nji dekabra bellenen täze parlament saýlawlaryny 2021-nji ýyla, kesgitlenmedik güne yza süýşüren kanuny üýtgetmelere gol çekdi. Bu oňa 10-njy ýanwarda irki prezident saýlawlaryny geçirmäge mümkinçilik berdi.

Häzirki hereket edýän kanunlara görä, prezidentiň ornunda oturan ýa-da onuň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän syýasatçy prezident saýlawynda bäsleşige gatnaşyp bilmeýär. Emma Žaparow şu hepdäniň başynda saýlawlara gatnaşmak üçin dekabr aýynda işinden aýryljakdygyny we bäsleşige ýönekeý raýat hökmünde gatnaşjakdygyny aýtdy.