Türkmenistanda 1-nji noýabrdan başlap dolulygyna petikleme girizilip bilner

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri çynlakaý häsiýetde güýçlendirmek meselesine seredýär. Bu Daşoguzyň DZ-K/8 aýallar koloniýasynda COVID-19-yň tutaşmagy bilen baglanyşykly bolup, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi bu ýerde ýagdaýyň agyr bolmagynda galýandygyny hem aýtdy. Häzirki wagta çenli koloniýadaky aýal tussaglaryň 500 sanysyna COVID-19 diagnozynyň goýulandygyny, Azatlygyň çeşmeleri tassyklaýarlar.