Belarus oppozisiýasy Alýaksandr Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyşy güýçlendirmek üçin 26-njy oktýabrda ýurt boýunça umumy iş taşlaýyşa çagyrdy. Lukaşenka 25-nji oktýabra çenli häkimiýeti tabşyrmak barada özüne berlen ultimatoma garşy çykdy. Ol oňa derek protestçileriň üstüne howpsuzlyk güýçlerini goýberdi.
Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa 25-nji oktýabrda Minskde we beýleki şäherlerde protestçilere garşy basyp ýatyrmalardan soň iş taşlaýyşyň başlamagyna çagyrdy. Basyp ýatyrmalarda polisiýa Belarusyň beýleki şäherlerinde we paýtagt Minskde onlarça müň demonstranta garşy rezin oklary we ses granatlary ulandy. Azyndan 280 adam saklandy.
9-njy awgust saýlawlarynyň ýeňijisi 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenka yglan edileli bäri Belarus giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky aýyplamalaryň arasynda protestler bilen sarsylýar.
Belarus oppozisiýasy awgust saýlawlarynyň netijeleriniň galpdygyny hem-de Tihanowskaýanyň kanuny ýeňijidigini aýdýarlar. Tihanowskaýa özüne we maşgalasyna atylan haýbatlaryň arasynda, saýlawlaryň edil yzýany, Belarusy terk etdi we Litwa bardy.
Degişli maglumat ÝB-niň baş diplomaty Bileleşigiň Lukaşenkany belarus prezidenti hasaplamaýandygyny aýdýarBirleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi, Britaniýa we Kanada Lukaşenkanyň ýeňşini ykrar etmekden ýüz öwürdi hem-de saýlaw galplygynda we adam hukuklaryny depelemekde aýyplanýan bir topar belarus resmisine garşy syýahat gadagançylygyny girizdi, olaryň aktiwlerini doňdurdy.
Tihanowskaýa Litwadan eden iş taşlaýyş çagyryşynda adamlary öz çagalarynyň geljegi barada pikir etmäge hem-de erkin durmuş ugrunda göreşmäge çagyrdy.
“Režim özüniň diňe güýje ukyplydygyny ýene-de bir gezek belaruslara görkezdi” diýip, ol beýanatynda aýtdy. “Şonuň üçin hem, ertir 26-njy oktýabrdan başlap, umumymilli iş taşlaýyş başlanar” diýip, ol aýtdy.
Tihanowskaýa belarus halkyny ýollary petiklemäge, iş ýerlerini ýapmaga, hökümet hyzmatlaryny we dükanlaryny ulanmagy bes etmäge hem-de ähli pullaryny bank hasaplaryndan çekmäge çagyrdy.
Ol 25-nji oktýabrda parahatçylykly protest üçin köçä çykan her bir belaruslyny, halka raýdaşlyk bildiren her bir kanun goraýjy resmini, hökümet resmisini, hem-de howpsuzlyk işgärini özüniň goldaýandygyny aýtdy.
“Biz bilelikde islendik režimden rüstemdiris we biz Belarus kanuny gaýtaryp getireris” diýip, Ol Twitterde ýazdy.
Lukaşenka iş taşlaýyş çagyryşlaryny ýaňsylap, eger döwlet edaralarynyň işgärleri iş taşlaýyş etse “Çagalary kim eklär?” diýdi.
Häkimiýetleriň rugsat berilmedik demonstrasiýalara gatnaşmazlyk barada beren duýduryşlaryna garamazdan, 25-nji oktýabrda, tapgyr 11-nji hepde, Minskde 100 müňden gowrak protestçi ýörişlere gatnaşdy.
Degişli maglumat Protestlere garamazdan, Lukaşenka birden Belarusyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdiHökümet ses granatlary we rezin oklary bilen gaýtawul berdi.
Wideolardan görnüşi ýaly, garaňky gatlyşanda şäherň köçelerinde güýçli sesler eşidilip, şöhleler ýagty saçýan mahaly protestçiler dargady. Ses granat ulanylmagynyň netijesinde azyndan bir adam ýaralandy.
Köpçüligi dargatmak üçin rezin oklary hem ulanyldy, onuň netijesinde bir adam garnyndan ýaralandy.
Adam hukuklaryny goraýjy “Wýasna” topary azyndan 280 adamyň saklanandygyny habar berdi.
Polisiýa jemgyýetçilik tertibine gözegçilik ýaraglarynyň ulanylandygyny hem-de adamlaryň saklanandygyny tassyklady diýip, TASS we “RIA Nowosti” habar agentlikleri habar berdi.
Protestleriň öňüsyrasynda mobil internetiň kesilendigi habar berildi we paýtagtda “howpsuzlyk sebäpli” 12 metro stansiýasy günortana çenli ýapyk boldy.
Maglumat akymyna päsgelçilik döretmek synanyşygy ýaly bolup görünýän şeýle çäreler barada mundan ozalky protestlerde-de habar berildi.
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Minks, Hrodna, Gomel, Brest we Lida ýaly birnäçe şäherde tussag etmeleriň bolandygyny aýtdy. Lida şäherinde howpsuzlyk güýçleri protestçileriň garşysyna göz ýaşardyjy gaz ulandy.
Oppozisiýa hereketi Lukaşenkanyň işden çekilmeginden başga-da, polisiýa zorlugynyň bes edilmegine, ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyna hem-de täze saýlawlara çagyryş edýär.
BMG-den bir adam hukuklaryny derňewçi geçen aý müňlerçe adamyň “agyr ýenjilendigini” we 500-den gowrak gynama habarlarynyň bardygyny aýtdy. Häkimiýetler bulary ret edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.