Marylylar nagt ýetmezçiligine nägilelik bildirip, häkimler bilen duşuşmaga synanyşdy

Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň birnäçe etrabynyň ýaşaýjylary bankomatlarda nagt pul ýokdugy sebäpli ilki etrap, soňra-da welaýat häkimlikleriniň öňünde ýygnandylar. Olar bu meseläni çözüp bermegi sorap, häkimler we bank ýolbaşçylary bilen duşuşmaga synanyşdylar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji oktýabrda Mary welaýatyndan habar berdi.

"Geçen hepdäniň birinji ýarymynda Garagum, Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň ýaşaýjylary ilki öz ýerli etrap häkimlikleriniň öňünde üýşüp, häkimlere öz aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändiklerini aýtdylar. Olar häkimlerden çäre tapyp bermegi soradylar. Şonda etrap häkimleri olara welaýat häkimine ýüz tutmalydyklaryny aýdyp, bir giden adamy Mary şäherine ugratdy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 26-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat "Pul ýene gutardy." Aşgabadyň bankomatlarynda nobatlar saklanýar

Onuň sözlerine görä, şondan soňra 22-nji oktýabrda 30-dan gowrak adam Mary şäherindäki welaýat häkimliginiň binasynyň arka gapysynyň öňünde üýşýär. Bu ýerde duran garawul adamlara: "Häkim ýok, hiç kim kabul edilmeýär" diýip aýdýar.

"Adamlar näme etjeklerini bilmän, Mollanepes köçesinde ýerleşýän Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýerli bölüminiň öňüne üýşýärler. Ýöne adamlaryň birnäçesi bankyň gapysyna baranda, onuň gapysyndaky polisiýa işgäri bankyň içki gapysyny gulplap, Merkezi bankyň bankomat işlerine seretmeýändigini aýdýar we adamlary içeri alman, kowup goýberdiler" diýip, waka şaýat bolan habarçymyz gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, adamlar Mollanepes köçesinde ýerleşýän ähli banklara aýlanyp, öz şikaýatlaryny diňlejek bank işgarini gözlediler. Ýöne olary hiç kim diňlemedi. Adamlar soraglaryna jogap tapman, öýlerine gaýtdylar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we agzalýan etraplaryň häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary şäherindäki bölüminden hem kommentariý alyp bolmady.

Marynyň ýaşaýjylarynyň ýerli häkimligiň öňüne üýşüp, bankomatlaryň işine, olarda pul tapdyrmaýandygyna nägilelik bildirendigi barada geçen hepde "Türkmen.news" neşiri hem habar berdi.

Neşiriň öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 23-nji oktýabrda çap eden habaryna görä, Garagum etrabynyň 100-den gowrak ýaşaýjysy ýerli häkimligiň öňüne üýşýär. Ýöne häkimligiň resmileri adamlara kömek etmekden ýüz öwürýär.

Degişli maglumat Maryda pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän pagtaçy kärendeçiler arz-şikaýata dowam edýär

"Sebitiň uzak obalarynda bankomatlar asla ýok, şonuň üçin ähli daýhan birleşikleriň ýaşaýjylary Ýagty ýol ýa-da Baýramaly şäherlerine gelýärler. Ýöne Ýagty ýoldaky iki bankomatda-da indi üç aý bäri pul ýok... 21-nji oktýabrda ýaşaýjylar resmiler bilen gürleşmek üçin häkimlige geldiler. Ýöne olara "döwletiň siz üçin puly ýok" diýlip, olary häkimligiň binasyndan kowdular" diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.

Bu aralykda, Azatlygyň maryly habarçysy etraplaryň bankomatlarynda nagt tapdyrmaýandygy sebäpli soňky hepdelerde adamlaryň puluň gözleginde Aşgabada we Ahal welaýatynyň Tejen etrabyna gidýändigini habar berýär.

"Olar Aşgabatdaky we Tejendäki bankomatlarda aýlyklaryny, pensiýalaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyrmaga synanyşýarlar. Ýöne gidýän adamlaryň hemmesi pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýär. Yzyna boş gelýänler hem bar. Käbir adamlar birnäçe gün şol ýerde bolup, bankomatlara aýlanyp, puluň gözleginde bolýarlar. Bu adamlar doly bolmasa-da, az mukdarda pullaryny nagtlaşdyryp gelýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol bank kartlar arkaly söwda etmegiň çäkli bolmagynda galýandygyna ünsi çekip, durmuşyň aglaba ugrunda nagt puluň gerek bolýandygyny ýa-da talap edilýändigini hem belleýär.

"Iň bärkisi etraplarda ilatdan döwlet komunal töleglerini nagt görnüşde tölemek talap edilýär. Bu bolsa adamlaryň hemme ýerde çykgynsyz ýagdaýa düşýändigini aňladýar. Hökümet "plastik kartdan söwda ediň, benzin guýuň" diýip çözgüt etdik diýip hasaplaýar. Emma takside işe gitmek, işden gaýtmak, günortanlyk edinmek üçin nagt pul gerek. Hatda ýolda 2 sany somsa alyp iýeýin diýseňem, nagt pul gerek" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda raýatlar indi üç ýyla golaý wagt bäri bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar. Ýurduň häkimiýetleri bu kynçylyklary aç-açan boýun almaýan mahaly, bu ýagdaý ilatyň nägileligini güýçlendirýär. Azatlygyň habarçylary ilatyň arasynda hökümeti aç-açan tankyt edýän we döwlet edaralaryna ýygnanyp, pullaryny talap edýän has köp adama duş gelse bolýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Baýramalynyň ýaşaýjylary şäher banklaryna ýygnanyp, pullaryny talap etdiler

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.