Hydyr Derýaýewiň açmadyk ‘syry’ ýa-da Türkmenistanda sowet tutda-baslygy näme üçin ýaşyrylýar?

Hydyr Derýaýewiň okuw kitabyndan alnan suraty

Türkmenistanda ne basmaçy diýlip gyrlanlar, ne baý-kulak diýlip sürgün edilenler, ne-de häzirki garaşsyz döwletiň düýbüni tutan syýasatçylar, ne türkmen diliniň we edebiýatynyň şu günki derejesine ýetmegi üçin ömrüni beren adamlar ýatlanýar diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanyň senzurany kanun arkaly gadagan edilendigine garamazdan, ýurtda 1980-nji ýyllaryň aýagynda dikeldilip başlan taryhy hakyda soň gaýtadan gadaganblyga düşdi we häzirki ýaşlar hatda 1990-njy ýyllaryň başynda aýan edilen arhiw maglumatlaryny hem bilmeýärler, bu meselelere gyzyklanma hem az diýip, synçylar aýdýar.

Ýazyjy Hydyr Derýaýewiň 20 ýyl çemesi tussaglykda ýa-da sürgünde saklanmagynyň anyk sebäbini soradym, ýaşlaryň hiç biri bilmedi diýip, aşgabatly žurnalist aýdýar.

Munuň sebäbi döwlet ýolbaşçylarynyň geçmişe syýasy baha bermekden tas otuz ýyl bäri saklanmaklary, okuw kitaplarynda senzurany saklap galmaklary bilen bagly bolup görünýär.

“...awtoryň nähak günä ýöňkelip, tussag edilmegi bu kitabyň okyjylar köpçüligine ýetmänkä ýakylmagyna sebäp bolýar.”
Okuw kitabynyň awtorlary

10-njy klas okuwçylarynyň edebiýatdan okuw kitabynda Hydyr Derýaewiň 1937-nji ýylda çap edilen romanynyň okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanandygy aýdylsa-da, ýazyjynyň şondan soň 20 ýyl çemesi döredijilik bilen meşgullanyp bilmezliginiň sebäpleri anyklaşdyrylmaýar.

Şahyr Allaýar Çüriýewiň 1991-nji ýylda Hydyr Derýaýewiň başdan geçirenleri barada ýazan göwrümli makalasynda, Bilim ministrliginiň tassyklan okuw kitabyndan tapawutlylykda, ýazyjynyň 32 ýaşynda, 1937-nji ýylda üçlügiň çykaran karary bilen "halk duşmanyna" öwrülip, 10 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilendigi aýdylýar, emma okuwçylaryň köpüsi bu hili goşmaça maglumatlardan habarsyz galýar.

Dogry, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2009-njy ýylda çap edilen okuw kitabynda H.Derýaýewiň “şol ýyllaryň tutha-tutlugynda töhmet atylyp”, “nähak tussag edilendigi” aýdylýar, ýöne bu töhmeti kimiň atandygy, ýa-da çala agzalyp geçilýän “tutha-tutlugyň” nämedigi hakynda ýekeje söz hem aýdylmaýar.

“...awtoryň nähak günä ýöňkelip, tussag edilmegi bu kitabyň okyjylar köpçüligine ýetmänkä ýakylmagyna sebäp bolýar” diýip, okuw kitabynyň awtorlary “Ganly penjeden” romanynyň maňlaýynyň diňe 1957-nji ýylda, ýazyjy günäsiz diýip aklanandan soň açylandygyny habar berýärler.

Degişli maglumat "Söz - ýalaňaç pikre gyrmyzy dondur"

Elbetde, türkmenistanly ýaşlar syýasy repressiýanyň pidasy bolan beýleki adamlaryň ykballary hakynda-da kän zat bilmeýärler. Ýogsa, edebiýatçylaryň köpüsiniň pikirine görä, ýazyjy Hydyr Derýaýewiň türme tejribeleri onuň yzyndan gelýän nesilleriň, hususan-da ýaş döredijileriň öwrenmeli we bilmeli tejribesi bolup durýar.

Gynançly ýeri, syýasy repressiýanyň pidasy bolan adamlaryň özleri hem, soň mümkinçilik bolan halatynda-da, öz başdan geçirenlerini ýazmakdan ýa gürrüň bermekden saklanypdyr.

“Wagtynda başdan geçirenlerini ýazan bolsady, ol türkmeniň Warlam Şalamowy hem bolup bilerdi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly edebiýatçy Azatlyk bilen kyssaçy ýazyjy barada eden söhbetinde aýtdy.

Türkmen türmeleriniň ‘syry’ ýa-da Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda emele gelen türme problemasy, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, sowet döwrüniň irki ýyllaryndaky represssiýa syýasatynyň gaýtadan, bazar şertlerinde ulanylmagy, has anygy, öz zähmeti bilen baýap biljek başarnykly adamlary garyp we gorkuda saklamagyň döwlet syýasatyna öwrülmegi bilen bagly bolup görünýär.

Azatlygyň bu temadan taýýarlan gepleşiginden soň anonimlik şertinde gürleşen edebiýatçy öňki sowet respublikalarynda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şeýle uzak wagt almagy we kyn bolmagy ozaly geçmişe syýasy baha berilmezligi, syýasy repressiýanyň başgaça ýagdaýda gaýtalanmagyna “gowy şert döredilmegi” bilen bagly diýip pikir edýär.

Degişli maglumat Sowetleriň "Ýuwaş Don" operasiýasy, Şolohowyň 'edebi ogurlygy' paş bolýar

Türkmenistanda ne basmaçy diýlip gyrlanlar, ne baý-kulak diýlip sürgün edilenler, ne-de häzirki garaşsyz döwletiň düýbüni tutan syýasatçylar, türkmen diliniň we edebiýatynyň şu günki derejesine ýetmegi üçin ömrüni beren adamlar ýatlanýar; Hydyr Derýaýew biziň şu gün ulanýan döwlet dilimiziň sintaksisden okuw kitabyny ýazan adam diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Orsýetde syýasy repressiýanyň pidalarynyň hatyra güni her ýyl 30-njy oktýabrda bellenilýär, Ukrainada syýasy repressiýalaryň pidalary her ýyl maý aýynyň üçünji ýekşenbesinde, Gazagystanda bolsa 31-nji maýda ýatlanýar, bizem indi öz pidalarymyzy ýatlasak, olaryň hatyrasyny tutsak gowy bolar diýip, aşgabatly edebiýatçy aýtdy.

Şahyr Allýar Çüriýew 1980-nji ýyllarda dörän mümkinçiliklerden peýdalanyp, sowetler döwrüniň syýasy pidalary babatdaky hakykaty dolulygyna açmak üçin ilkinji bolup galama ýapyşan žurnalistleriň biri boldy.

Onuň syýasy repressiýanyň ejirini çeken adamlar, olaryň maşgala agzalary bilen duşuşyp, arhiwleri dörüp ýazan makalalary 1993-nji ýylda çaklaňja kitap görnüşinde çap edildi we häzir, aşgabatly edebiýatçynyň sözlerine görä, “gündiz eliň çyraly gözlemeli kitaba” öwrüldi.

Degişli maglumat "Türkmen" obasynda ýaşan ussat

(Makalanyň dowamy bar.)