Buharada mugallymlara pagta ýygmaga ukyply adamlaryň sanawyny düzmek tabşyryldy

Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Garaköl raýonynda ýerli häkimiň buýrugy bilen mugallymlara öýme-öý aýlanyp, pagta ýagmaga ukyply adamlaryň sanawyny düzmek tabşyryldy.

Garaköl raýonynyň mekdepleriniň biriniň mugallymasy öz işini goýup, pagtany el bilen ýygmak işine adam toplamak üçin, öýme-öý aýlanmaga mejbur edilýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ol mugallymanyň sözüne görä, raýon häkiminiň buýrugyna tabyn bolmadyk pedagoglara işden boşadylmak, okuw sagatlaryny azaltmak ýa-da aýlyk haklaryndan saklap galmak ýaly haýbatlar atylýar.

Pagta ýygym işine adamlary toplamak meselesinde mugallymlara görkezilýän mejbury tabşyryk barada, Buhara welaýat administrasiýasyndan ýa-da welaýatyň Halk bilim edarasyndan kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Garaköl raýonynyň mekdepleriniň biriniň mugallymasy işden boşadylmak haýbatyndan gorkýandygy üçin, adyny aýtmazlyk şerti bilen Azatlyga mälim etmegine görä, 16-njy oktýabrda ondan gowrak mugallym on günüň dowamynda, ýerli ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, meýdanda pagta ýygmaga ukyby bolanlaryň sanawyny düzmäge mejbur edilipdir.

– Mekdebimiziň direktory ýygnak wagtynda, welaýatyň Halk bilim edarasynda geçen maslahatda, adamlary pagta ýygym işine çekmäge mugallymlaryň borçly edilendigini aýtdy. Şonuň üçinem biziň mekdebimizden ondan gowrak mugallym on günläp işe çykman, oňa derek adamlary pagta ýygymyna çekmäge girişdi – diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Anonimlik şertlerinde şol raýonyň beýleki bir mekdebiniň mugallymy hem adamlary pagta ýygymyna çekmek üçin, öýme-öý aýlanmaga mejbur edilendigini aýtdy.

– Bize aýtmaklaryna görä, Buhara pagta ýygymynda yzda galýan eken. Şonuň üçinem bize 18 ýaşdan 30 ýaş aralygyndaky işsiz adamlary hasaba almak tabşyryldy. Biziň mekdebimizden bu işe ýedi mugallym çekildi. Her mugallyma aýratyn köçe berkidildi. Biz elimize berlen taýýar anket listlerini doldurmaly, ýagny ol adamyň adyny, pasport maglumatlaryny, ýaşaýan ýerini, onuň işleýändigini ýa-da işlemeýändigini, maýyplykda durýan ýa-da durmaýandygyny sorap, anketi doldurmaly – diýip, ol mugallym aýdýar.

Ol mugallym Azatlygyň redaksiýasyna eline berlen boş anketiň nusgasyny hem ýollady.

Buhara welaýatynyň Garaköl raýonynda mugallymlara berlen anketiň nusgasy.

Görnüşi ýaly, ol ankete mugallymyň aýdanlaryndan daşary-da, dogluş hakyndaky şahadatnamanyň nomeri, onuň hasapda durýan ýeri, iş ýeri, okaýan ýeri, kassadaky nomeri hem-de inwalidlik baradaky maglumatlary-da girizilmeli.

Özbegistanda mugallymlara işsiz adamlaryň ýa-da kommunal hyzmatlary üçin töleg bermeýänleriň sanawyny düzmek ilkinji gezek tabşyrylmaýar.

Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň maý aýynda kabul eden kararyna laýyklykda, mugallymlary hem medisina işgärlerini jemgyýetçilik işlerine mejbury çekmek gadagan edilipdi. Şu kanuny bozanlaryň jogapkärçilige çekilip, olar bilen kanun goraýjy guramalaryň iş salyşjakdygy aýdylypdy.

Şu ýylyň 16-njy maýynda, Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Saida Mirziýaýewa Informasiýa we köpçülik kommunikasiýalary agentliginiň direktory wagtynda, öz Facebooksahypasynda, okuwçylary we mugallymlary mejbury zähmete çekmek «hemme taraplaýyn kämil nesli terbiýelemekde iň köp kynçylyk döredýän bäş problemanyň biri» diýip ýazdy.

Döwlet gullukçylary hem häkimler bir ses bilen Özbegistanda mejbury zähmetiň ýokdugyny aýdýan wagtynda, mugallymlary hem medisina işgärlerini öz kärleri bilen hiç bir dahyly bolmadyk mejbury zähmete çekýändikleri barada Azatlyk Radiosyna maglumatlaryň gelmegi dowam edýär.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.