Polisiýa her gün azyndan maskasyz bir adama “jerime ýazmaly”

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda ilatyň gorag maskalaryny dakynmalydygy barada duýduryş sms-leriniiň ugradylyp başlanmagy bilen bir hatarda, polisiýa işgärlerine günde azyndan maskasyz bir adama jerime ýazmalydygy barada görkezme berildi. Bu talap bilen birlikde, maskasyz saklanan adamlaryň mejbury zähmete çekilýändigi, hat-da tussaglyga hem höküm edilýändigi barada dowamly maglumatlar gowuşýar.