Döwlet telewideniýesinde ýurduň gowaça meýdanlaryndan bol pagta hasylynyň ýygnalýandygy barada gaýtalanýan gürrüňlerden tapawutlylykda, Farabyň pagtaçy kärendeçileri pes hasyl sebäpli özleriniň döwlete bergidar çykmagyndan alada galýarlar. Ýöne döwlet telewideniýesinde bol hasylly pagta meýdanlary görkezilýär. Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy döwlet mediasynyň tomaşaçylara “bol hasyl görkezmek ussatlygynyň” aňyrsynda ýatan mümkin bolan sebäpleri öwrendi.
Onuň maglumatlaryna görä, lebaply häkimiýetler döwlet resurslaryny ulanmak arkaly, “göz üçin”, diňe döwlet telewideniýesine niýetläp, surat alynmagy üçin ýörite ýer bölüp berip, garamagyndakylary ol ýerde ösdürilip ýetişdirilen gowaçalara ideg etdirmek üçin ulandy.
Degişli maglumat Türkmenistan ýok pagtany 'zor we zer bilen' ýygdyryp, plan dolmak 'ussatlygyny' dowam edýär“Lebapda türkmen telewideniýesine surata düşürmek üçin 2 gektar gowaça meýdanynda ähli şertleri döretdiler. Welaýat häkiminiň medeniýet boýunça orunbasary gowaçanyň ekiş döwründen ýygym döwrüne çenli ähli medeniýet bölüminiň işgärlerine 2 gektar meýdana ideg etdirdi” diýip, habarçy aýtdy.
Ol bölünip berlen gowaça meýdanynyň otag, çürtüm we suwaryş işleriniň, şeýle-de mineral dökünleri satyn almak işleriniň degişli býujet işgärleriniň üstüne ýüklenendigini habar berdi.
“Otag, çürtüm, suw tutmak, dökün-derman satyn almak işleri býujet işgärleriniň boýnuna boldy” diýip, habarçy aýtdy.
Bu çäreleriň ählisi döwlet telewideniýesinde açylyp oturan pagtalary, gowaça meýdanlaryny görkezmek üçin edildi.
Döwlet telewideniýesi bol hasylly pagta meýdanlaryny görkezýär, efire berilýän gepleşiklerde gowaça meýdanlarynda oba hojalyk işçileri bilen duşuşyk geçirýän medeniýet-sungat işgärleri, aýdymçylar görkezilýär. Wideo reportažlardan mälim bolşuna görä, medeniýet we sungat işgärleri pagtaçylaryň günortan arakesmesinde aýdym-saz çykyşlaryny ýerine ýetirýärler; munuň bilen bir hatarda, olar daýhanlaryň dykgatyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndan bölekleri ýetirýärler.
Döwlet telewideniýesinde görkezilýän gowaça meýdanlarynda bir tarapda dökülip oturan pagtalar, beýleki tarapdan pagtaçylaryň ýa-da kombaýnçylaryň öňünde aýdym-saz ýerine ýetirip, şüweleň geçirýän medeniýet işgärleri, pagta ýygýan kombaýnlar, prezidentiň kitabyny okaýan görnüşde surata düşürilen adamlar, hem-de sünnälenip timarlanan pagta harmanlary görkezilýär.
Degişli maglumat Türkmenabat: Berdimuhamedow gelende azyk ‘gözboýagçylygy’ döredildiÝöne howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde atsyz çykyş etmegi saýlap alýan faraply kärendeçiler Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde şu günler özleriniň pes pagta hasylyndan çykalga gözleýändiklerini gürrüň berdiler. “Kärendeçiler umytsyz. Döwlete bergidar çykjagyna göz ýetiren daýhanlar hatda ýetişdiren pagtasyndan geçendigini aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy. Ol kärendeçileriň arasynda çykalgasyzlykdan öz kärende ýerlerini yzyna, daýhan birleşiklere tabşyryp başlan adamlaryň bardygyny aýtdy.
Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler döwlet plan borçnamasy esasynda pagta ýetişdirip, onuň hasylyny döwlete satýar, döwlet kärendeçini agrotehniki serişdeler, şol sanda dökün, tehnika bilen üpjün etmäge borçlanýar. Döwletiň eden çykdajylary daýhanyň girdejisinden tutulýar. Habarçy bilen gürrüňdeş bolan pagtaçylar öz ýygnan hasylynyň döwletiň eden çykdajylarynyň öwezini dolmaga ýetmeýändigini aýdýarlar.
Ýurduň pagta meýdanlarynda düşürilip, 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen bir wideo reportažda gowaça meýdanlarynda ýygymçy görkezilmeýär, diňe pagta ýygýan kombaýnlar görkezilýär. Beýleki tarapdan, adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýärler.
Habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir lebaply täze satyn alynýan kombaýnlaryň prezidentiň syýasatyny ýaýmaga hyzmat edýändigini aýdy.
Döwlet telewideniýesi pagta hasylynyň “ýokary ruhubelentlikde” ýygnalýandygyny öňe sürýär.
Degişli maglumat Lebapda plany dolan pagtaçy daýhanlara gowşuryljak sowgatlary olaryň özlerine satyn almak tabşyryldyLebap welaýatynda medeniýet işgärleriniň üstüne ýüklenen gowaça meýdanlary, habarçynyň tassyklamagyna görä, döwlet telewideniýesinde bol hasylly pagta görkezmäge niýetlenendir.
“Ählisi türkmen telewideniýesinde 3 minutlyk reportaž üçin, gowy açylyp oturan pagtalary görkezmek üçin hereket edýär, uly çäre geçirip. Hakyky durmuşda başga ýagdaý” diýip, habarçy aýtdy.
“1 tonna pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy 1,500 manat” diýip, habarçy maglumat berdi.
Ol kesgitlenen ýerden döwlete 2 tonna 200 kilogram pagta tabşyran kärendeçi daýhanyň hasylynyň 1 tonna 200 kilogramynyň döwletiň eden çykdajylary üçin tutulýandygyny, 2,2 tonna pagtadan 1 tonna pagtanyň pulunyň, 1,500 manadyň daýhana berilýändigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.